Coddy programmirleme mekdebi robototehnika boýunça ussatlyk sapagyny geçirýär

Coddy programmirleme mekdebi robototehnika boýunça ussatlyk sapagyny geçirýär

Iş Nokady HJ we Coddy çagalaryň halkara programmirleme mekdebi 8 ýaşly we şondan uly mekdep okuwçylaryny robototehnika boýunça tapgyrlaýyn esasda geçiriljek ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Robototehnikanyň taryhy atly geçiriljek ussatlyk sapagynda öwrenijiler häzirki zaman robotlarynyň prototipleriniň ulanylyşynyň taryhynda ilkinji mälim bolan ýagdaýlary, robotlaryň görnüşleri (senagat, lukmançylyk we beýlekiler), şeýle hem robototehnikanyň ewolýusiýasynyň tapgyrlary barada öwrenip bilerler.

Bu sapaga gatnaşmagyň tölegi — 150 manatdyr. Çäre 24-nji iýulda sagat 14:00-dan 16:00-a çenli geçiriler. Ussatlyk sapagyna gatnaşmak üçin şu salgylanma arzaňyzy goýuň.

Fizikanyň esaslary. LED lampalar näme, olar nämä gerek we nirelerde ulanylýar atly ussatlyk sapagy. Munda Led lampalaryň nämedigi, olaryň aýratynlyklary we tapawutly taraplary, işleýiş ýörelgeleri, şol sanda hem bu lampalaryň gündelik durmuşda we tehnikada ulanylyşy barada maglumat berler.

Ussatlyk sapagy 28-nji iýulda sagat 14:00-dan 16:00-a çenli bolar. Oňa gatnaşmagyň tölegi 150 manatdyr. Bu sapaga şu salgylanmadan ýazylmak bolýar.

Tapgyrlaýyn alnyp baryljak ussatlyk sapaklaryny Coddy çagalaryň halkara programmirleme mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurymy, seminarlary geçirmekde we robototehnika boýunça okatmakda tejribesi bolan spiker — Ýakup Mätiýew geçirer.

Ýene degişli makalalar

Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär
Ýaş türkmenistanlylar robototehnika boýunça okuwlara çagyrylýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Robot dirižýor orkestri alyp bardy
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär
Tohum ekýän robotlar ulanylýar