Ýaş türkmenistanlylar robototehnika boýunça okuwlara çagyrylýar

Ýaş türkmenistanlylar robototehnika boýunça okuwlara çagyrylýar

Iş Nokady hojalyk jemgyýeti we Coddy halkara programmirleme mekdebi çagalar üçin täze robototehnika okuwyny guraýar.

Coddy mekdebinde robototehnika okuwy bu diňe bir gyzyklanma boýunça gurnak däl, bu pikirdeşleri bir ýere jemleýän, tejribe alyşmaga we täze dostlary tapmaga mümkinçilik berýän tutuş bir akymdyr. Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, robototehnika bu tehniki döredijilikdir, oýlap tapyjylyk, konstruktorlyk we täzelikçilik işinde, şeýle hem mehanikany, shemotehnikany, elektronikany we programmirlemegi başlangyç bilimlerini özleşdirmekde ilkinji ädimdir.

Sapaklaryň dowamynda çagalar diňe bir özbaşyna gyzykly iş bolan robotlary düzmek bilen meşgullanman, eýsem, ünslüligi, seresaplylygy, tertipliligi, dünýägaraýşy, jogapkärçiligi ösdürmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.Olaryň dostlukly we agzybir toparda işlemegi öwrenýändikleri hem wajyp görkezijileriň biridir.

Robototehnika okuwy her bir çaga ilkibaşda taslamany işläp düzmek tapgyryna, soňra bolsa ahyrky detallary düzmek işine gatnaşmak arkaly aňsatdan çylşyrymla çenli möhüm ýoly geçmegine mümkinçilik döredýär.

Täze okuwyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin ähli isleg bildirýänler Açyk gapylar gününe çagyrylýar. Bu çäräniň dowamynda Ýakup Mätiýew Coddy halkara programmirleme mekdebiniň çaga auditoriýasy bilen işleşmekde baý tejribesi bolan mugallymy okuwçylara robototehnika barada içgin gürrüň berer hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berer.

Okuwlara ýedi ýaşdan we ondan uly ýaşly çagalar çagyrylýar.

Açyk gapylar gününiň geçiriljek senesi 2023-nji ýylyň 15-nji iýuly, sagat 18:00-dan 19:00-a çenli. Giriş mugt.

Geçiriljek ýeri: Berkarar işewürlik merkezi, 1-nji gat, blok A7 Iş Nokady HJ-niň ofisi.

Gatnaşmak üçin şu salgyda ýa-da (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr.

Ýene degişli makalalar

Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär
Coddy programmirleme mekdebi robototehnika boýunça ussatlyk sapagyny geçirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Robot dirižýor orkestri alyp bardy
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär
Tohum ekýän robotlar ulanylýar