Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

La Jornada (Meksika): Dünýä ABŞ-na garşy ses berdi. BMG-nyň 183 agza ýurdy ABŞ-nyň Kuba garşy goýan embargosynyň aýrylmagy üçin ses berdi.

El Pais (Ispaniýa): McAfee Antiwirus kärhanasynyň esaslandyryjysy John McAfee, Barselonada saklanýan tussaghana otagynda öz janyna kast etdi.

La Tersera (Çili): Koronawirusyň Delta Plus görnüşi: Alymlar, Hindistanda hasaba alynan koronawirusyň bu görnüşiniň has howply we ýokançdygyny bellediler.

Handelsblatt.com: ÝB Liderler maslahaty: Türkiýä golaýlaşmak Germaniýanyň ykdysadyýetine uly mümkinçilikler hödürläp biler.

t-online.de: Germaniýanyň ilatynda 9 ýyllyk arakesmeden soň ilkinji gezek peseliş hasaba alyndy.

tagesschau.de: Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda öldürilen oppozisioner žurnalist Jemal Kaşykçynyň ganhorlarynyň 4-siniň ozal ABŞ-da harby tälim alandygy öňe sürüldi.

Aljazeera: Liwiýa temaly 2-nji Berlin konferensiýasy tamam boldy. Ýurtdaky hakyna tutma esgerleriň ülkeden çykarylmagy karara gelindi we Liwiýada saýlawlaryň wagtynda geçirilmegi barada karar kabul edildi.

Alraýa: Katar, Aziýada Ynam artdyryjy komitediniň maslahatyna gatnaşýar.

Alkuds Alarabi: BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş: "Ýurduň daşyndan Siriýa kömek berilmezligi elhenç bolar" diýip habar berdi.

Le Parisien: Fransiýada Kowid-19 sebäpli berilýän döwlet goldawlary bes edildi, erkin işleýänlar uly aladaň içinde.

Le Monde: Fransiýanyň senady, harby býujetiň gözden geçirilmegi babatynda hökümede bolan ynamyny täzelemegi ret etdi.

Le Figaro: Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks we Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran, Kowid-19 sebäpli saglyk ýagdaýyň erbetleşýän Landes sebitinde saparda bolýarlar.

Izwestiýa: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Gara deňizde serhet giňişligini bozanlygy üçin duýduryş berip od açmaga mejbur galynan esmines gämisi babatynda Beýik Britaniýany ýazgardy.

Lenta.ru: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ilkinji gezek çagalaryň koronawirusa garşy sanjym etdirip biljekdigini kabul etdi.

TASS: Russiýada koronawirus wakasynyň iň köp hasaba alynan paýtagt Moskwa şäherinde mejbury sanjym programmasynyň düzümine kurýerler hem alyndy.

Ýene degişli makalalar

EFES-2024 Türgenleşigi Geçirildi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Wekiller mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer ministrini kabul etdi