Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

“Alguds Alarabi” Yragyň günortasynda ýerleşýän Zikar welaýatynynyň Nasyriýe şäherinde koronawirus hassalarynyň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda azyndan 64 adamyň ýogaldygyny ýazýar.

“Alguds Alarabi” ABŞ: Ýadro gepleşikleriniň ýaňadandan başlajak wagtyny diňe Eýran kesgitlär.

“Alžazera” Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň gün saýyn güýçlenýändigine ünsi çekdi.

“Doçe Welle”, Britaniýanyň howpsyzlyk güýçleriniň, Ýewropa futbol çempionadynyň final bäsleşiginde penaltylaryn öňüni alyp bilmedik Afrika asylly 3 futbolçy hakynda aýdylan rassit çykyşlar sebäpli derňew işini gozgandygyny belleýär.

“El Pais” Ispaniýanyň täze ministrler kabinetiniň Kataloniýa meselesiniň çözülmegi üçin işe giriljekdigini nygtaýar.

“La Tersera” Kubadaky protestçylaryň Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň hökümetine doly goldaw berendigini ýazýar.

“Lenta.ru” Russiýanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Anatoli Antonowyň, resmi Waşingtonyň Moskwa sarpa goýmagyny isländigini mälim edýär.

“Izwestiýa” Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, “Donbas Ukraina mätäç däl” diýen sözlerine ýer berýär.

“RIA Nowosti” Moskwada geçirilýän Halkara Awiasiýa we emeli hemra sergisinde täze rus harby uçarynyň tanyşdyryljakdygyny habar berýär.

“Le Figaro” Fransuzlaryň 58 göteriminiň Tokio olimpiada oýunlarynyň geçirilmezligini isleýändigini nygtaýar.

“Le Monde” Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwier Weranyň 15-nji iýuldan başlap Kovid-19 sanjymyny etdirmedik saglygy goraýyş işgärleriniň bu pudakda işläp bilmejekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
“Milan” PSŽ-ni ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňdi
“Real Sosiedaddan” taryhy ýeňiş
Ýylyň futbolçysy Ronaldo
7 topar 2-nji tapgyrda
UEFA Ýewropa ligasynda