Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Alžirde ýüze çykan ýangynda 25-si esger bolmak bilen jemi 42 adam ýogaldy.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Fransiýanyň Pari Sen-Žermen futbol topary ägirt uly taslamasyna Argentinanyň milli futbolçysy Lionel Messini goşdy.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Katardan ugradylan gözleg we halas ediş topary Gresiýadaky tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän sebitinde işe girişdi.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada koronawirus: Sanjym etdirmedik raýatlara testler, 11-nji oktýabrdan soň mugt bolmaz.

Deutsche Welle: Germaniýada ilatyň ýaş bölegi iň pes derejesinde.

El Mundo: Ispaniýada şu aý sanjym 70 göterime ýeter: 9 günde 5 million doza 2-nji sanjymyň edilmegi maksat edinilýär.

El Pais: Ispaniýada alymlaryň gazylyp alynýan ýangyçlar babatyndaky duýduryşlary indi syýasy söweşe öwrüldi, öňümizdäki günlerde klimat çalşygyna garşy has berk çäreleriň görülmegine garaşylýar.

El Nasional: ABŞ resminamalary bolmadyk bosgunlary Meksikanyň içine tarap göçürýär.

Le Figaro: Kowid-19: Soňky 24 sagatda Fransiýanyň hassahanalarynda 28 müň 576 adam hasaba alyndy we 68 adam ýogaldy.

Le Matin (Şweýsariýa): Pari Sen-Žermen futbol toparynda Lionel Messi 30 belgeli forma geýer.

France 24: Jynsy taýdan zorluk etmek bilen günäkärlenýän we wezipesinden çetleşdirilmek howpyna sezewar galan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Endrýu Kuomo wezipesinden çekildi.

TASS Agentligi: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Owganystanyň Özbegistan we Täjigistan bilen bolan serhetleriniň gözegçiliginiň Talibana geçendigini habar berdi.

İnterfaks Agentligi: Russiýanyň Gamaleýa Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-derňew instituty, Sputnik V sanjymynyň hassahanalara ýatyş howpyny 20 esse azaldandygyny mälim etdi.

Regnum Agentligi: Russiýadaky banklar prosent stawkalaryny pandemiýadan ozalky derejesine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Türkiýe Pakistanda Guralan Bombaly Hüjümi Ýazgardy
Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Taliban Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işlerini togtatdy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy