Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Figaro: Kowid-19: Fransiýa Marokkony we Alžiri gyzyl sanawa alýar.

France 24: Fransiýada okuw ýylynyň başlamagynyň öňi syrasynda Kowid-19-yň Delta görnüşi bilen bagly aladalar artýar.

Le Monde: Fransiýanyň War sebitinde ýangyn: Ýangyn söndürijiler anna gününden ýekşenbe gününe çenli howply geçjekdigini beýan etdiler.

Al-Düstur (Iordaniýa): G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, Talibana Owganystandan çykmak isleýänlere howpsuz geçmeklerine rugsat bermegi barada çagyryş berdi.

Al-Kudus al-Arabi: Ysraýyl howa hüjümleri bilen Siriýanyň paýtagty Damask şäheriniň töweregini nyşana aldy.

Al-Jezire TV kanaly saýty (Katar): Ýewropanyň täze Owganystandaky aladalary: Russiýanyň we Hytaýyň täsiri, neşe söwdasy, migrantlar we terror.

Izwestiýa: Ispaniýanyň Daşary işler ministrliginiň karary bilen Russiýanyň harby gämilerine Afrikanyň demirgazyk kenaryndaky Seuta portyna gelmegine rugsat berilmedi.

TASS: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel şu gün Moskwada iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini we halkara derejedäki gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu duşuşyk Kowid-19 pandemiýasynyň başlan gününden bäri Putin bilen Merkeliň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.

RBK: Russiýanyň FSB gullugy, Ýaponiýanyň gizlin gullugynyň II Jahan urşunda SSSR-yň raýatlarynyň üstünde biologiki ýaraglary synagdan geçirendigi baradaky resminamalaryň gizlinligini aýyrdy.

RTL: Owganystandan köpçülikleýin migrasiýa ähtimallygy Ýewropa Bileleşiginde howsala we bölünşik döretdi.

Deutsche Welle: Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas: "Ýewropanyň Waşingtona bolan garaşlylygy azaldylmaly" diýip habar berdi.

Deutsche Welle: Premýer ministrligiň Metbugat ofisi: "Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Marburgdaky BioNTech sanjym önümçilik desgasyna guran saparynda Prof.Dr. Ugur Şahine we Özlem Türejä minnetdarlyk bildirdi" diýip habar berdi

El País (Ispaniýa): Ispaniýa owgan bosgunlary kabul etmäge başlady.

Telesur (Wenesuela): Argentinanyň hökümedi mugallymlaryň aýlyk günlükleriniň 45,5 göterim artyşyny tassyklady.

Prensa Latina (Kuba): Braziliýa owganlara ynsanperwer wiza bermegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystan Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gümrük Geçelgesi Ýaňadandan Açyldy
Taliban, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Owganystandaky Ilçihanalaryny Açmagyny Isledi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy