Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kudus Al-Arabi: Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, BAE-Türkiýe gatnaşyklarynyň bozulmagyndan bäri ilkinji gezek Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen aragatnaşyga geçdi.

Al-Dustour (Iordaniýa): Howpsuzlyk habarnamasy duýduryş berýär: Liwandaky sosial dartgynlyk gutulgysyz boldy.

Al-Raýa (Katar): Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky düzgün bozmalary barada habar berýän BMG-nyň habarnamasyna görä, 2021-nji ýylda basyp alyjylaryň oklary bilen 55 palestinaly şehit boldy.

Deutsche Welle: Germaniýa 2021-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 47 müň 400 bosgun kabul etdi.

Tagesschau.de: Germaniýanyň inflýasiýa derejesi soňky 28 ýylyň iň ýokary görkezijisine eýe boldy. Soňky görkezijilere görä inflýasiýa awgust aýynda 3,9 göterime ýetdi.

Wiener Zeitung: Awstriýanyň Premýer ministri Sebastýan Kurs soňky gezek Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Berlinde duşuşyk geçirdi.

El Pais (Ispaniýa): Awstriýa we Polşa, owgan bosgunlaryň gelmegini çäklendirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň nägile bölegine ýolbaşçylyk edýärler.

El Komersio (Peru): ABŞ 20 ýyllyk söweşiň ahyrynda Owganystandan çykdy we ýurdy Talibana berdi.

La Jornada (Meksika): Meksikanyň Saglygy Goraýyş Wehimlerine Garşy Gorag Federal Komissiýasy, Kuba tarapyndan oýlanyp tapylan "Abdala" sanjymy barada oňyn garaýyş beýan etdi.

Lenta.ru: Russiýanyň BMG-daky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzýa: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystan kararynda ses bermekden saklandyk" diýip habar berdi.

TASS: Russiýanyň Irkutsk sebitinde bir kärhana garşy Hytaýa agaç kontrabandasyny edýänligi üçin kazyýet işi gozgaldy.

Izwestiýa: Ukrainanyň Prezidentiniň maslahatçysy Alekseý Arestowiç, Russiýa bilen söwda gatnaşyklaryny kesmegiň ýurdunyň zyýanyna boljakdygyny belläp: "Russiýa biziň iň uly 5-nji söwda hyzmatdaşymyz" diýip mälim etdi.

Le Monde: 20 ýyllyk harby barlygyndan we Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň 5 aý güýmemeginden soň, soňky amerikan esgerler Kabuldan çykdy.

Le Figaro: Günorta Afrikaly hünärmenler, adatdan daşary mutasiýa eýe bolan Kowid-19-yň täze görnüşine gözegçilik edýärler.

Le Matin (Şweýsariýa): Kowid-19: ABŞ-nyň hökümedi, raýatlaryna, Şweýsariýa syýahat etmezlikleri barada çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Taliban Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işlerini togtatdy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy