Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Parisien: Fransiýanyň Marsel şäherinde 8 adamda Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň çalt ýaýraýan görnüşi gabat gelindi. Şäheriň häkimi: "Şu pursatdan başlap her minut möhümdir" diýip belledi.

Le Monde: Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun bejergi maksatly giden Germaniýadan ýurduna gaýdyp geldi.

France 24: Kowid-19-a ýolugan adamlaryň sanynyň 3 milliondan geçen Afrika materiginde sanjym ýaryşy nähili ýagdaýda?

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky ylalaşyk, sebit taýdan oňyn bir ädim" diýip belledi.

Watan (Oman): Katar we Saud Arabystany ikitaraplaýyn häsýetdäki uçar saparlaryna şu gün başlaýar.

Watan (Oman): Bahreýn Katara uçar saparlarynyň ýaňadandan başlatmak barada karara geldi.

Deutsche Welle: ABŞ-nyň Kongres binasynda başdan geçirilen hadysalardan soň Germaniýa mejlisiň binasynyň howpsuzlygyny artdyrýar.

Welt.de: Germaniýa göç: Koronawirusa garamazdan 2020-nji ýylda 103 müň bosgun ýüz tutdy.

dpa: Ýaponiýada koronawirusyň täze görnüşine gabat gelindi.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa bilen Britaniýanyň arasynda Gibraltar boýunça gazanylan ylalaşyga laýyklykda iki sebitiň arasynda ähli tikenli sim we fiziki serhetleriň aýrylmagy göz öňünde tutulýar.

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýada beýik ýerlerde hasaba alynan sowuk howanyň we garly tupanlaryň ýurdyň beýleki ýerlerine hem täsir ýetirmäge başlady.

El Nasional (Wenesuela): Wenesuela şu günden başlap koronawirusa garşy görülen çäreleri we karantin düzgünlerini gowşatmaga taýarlanýar.

Lenta.ru: Prezident Rejep Taýýip Erdogan, gizlinlik syýasatyna üýtgeşme girizmegi sebäpli WhatsApp-dan ýüz öwürdi.

Kommersant Gazedi: Russiýada mutasiýa sezewar bolan "Britaniýa koronawirusynyň" ilkinjisi hasaba alyndy.

Gazeta.ru: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilen maslahaty ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
Seýrek duş gelýän ýönekeý ösümlik
Gibraltar 180 ýyldan soň şäher boldy
Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy geçirjek duşuşyklaryna taýarlyk görýär
FIFA 2022 Dünýä Çempionatynyň Ýewropanyň ýygyndylarynyň saýlama duşuşyklary dowam edýär
Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi