Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Nobatdaky iki günlük okuw maslahaty gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä başyşlandy. Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäre “Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak” (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany, Eýrany, Gazagystany, Moldowany, Türkiýäni we Ukrainany öz içine alýan bu taslamanyň baş maksady deňiz ýollary ugrunda milli hünärmenleri ýokarda agzalan meseleleri çözmekde halkara tejribeleri blen tanyşdyrmakdan, kenarýaka döwletleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyna laýyk getirmekden ybaratdyr.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň geografiýa taýdan ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag halkasy derejesiniň barha pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna laýyklykda hem-de bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga ymtylyp, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, sebit we sebitara utgaşdyrylan logistiki ulgamy döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalary amala aşyrýar.

Milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiliginde ulag ulgamynda giň goldawa eýe bolan, oňyn başlangyçlary gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary şaýatlyk edýär.

Bu teklipleriň möhümdigi we olara isleg bildirilýändigi aýdyňdyr, çünki ulag ulgamy dünýähojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş edarasynda sentýabr aýynda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynda wideoýüzlenme arkaly çykyş edip, koronawirus ýokanjynyň durmuş-ykdysady taýdan ýaramaz täsirleriniň öňüni almak bilen baglylykda, bu meselelere ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Ýurdumyz ulag meselesi boýunça giň halkara gatnaşyklaryň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara gatnawlaryny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de türkmen tarapynyň BMG-ä agza ýurtlaryň garamagyna hödürlenen Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasyny taýýarlandygy belledi.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Hazara diňe parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde garalmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda, şeýle hem Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini goramak we oýlanyşykly peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we olary aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar taýýarlanyldy hem-de soňra olara gol çekildi.

Häzirki wagtda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde ylmy barlaglar ulgamynda we Hazarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmek işinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlamak üçin öňe süren başlangyjynyň ylalaşyklarynyň taslamalaryny ylalaşmak boýunça bilermenleriň duşuşyklary geçirilýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri bar bolan mümkinçilikler bilen birlikde, geljekde ýüze çykyp biljek islegleri ýokary hilli teklipler we derejeli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr.

Deňiz menziliniň çäklerinde gämileriň hereketine gözegçilik etmek, ähli bölümlerde ýük ýüklemek-düşürmek işleri şol pursatdaky döwürde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylýar. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, tutuş taslama “Ýaşyl port” (Green port) diýen halkara ölçeglerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, häzirki anyk ýagdaýlarda deňiz ulaglary babatda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijelidiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Şol syýasat ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň gowy ekosyýahatçylyk ugurlary
ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy
“Türkmenpoçtanyň” tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady
Türkmenistanda daşary ýurtlara kitap ugratjak raýatlardan ýörite güwänama talap edilýär
Türkmenistanyň poçtasy Orsýete posylka ibermegini wagtlaýy togtatdy
Türkmenistanyň bergisi sebäpli Orsýet onuň EMS poçtasyny kabul etmegini togtatdy
Türkmenistanyň poçtasy bergi sebäpli Orsýete gyssag posylkalary ibermegi togtatdy