Türkmenistanda daşary ýurtlara kitap ugratjak raýatlardan ýörite güwänama talap edilýär

Türkmenistanda daşary ýurtlara kitap ugratjak raýatlardan ýörite güwänama talap edilýär

Türkmenistanda daşary ýurtlara kitap ugratmak isleýän raýatlardan Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyndan ýörite güwänama almak talap edilýär.Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.Belläp geçsek, geçen ýylyň ahyryna çenli ýurt raýatlary dörde çenli kitaby hiç hili güwänama almazdan daşary döwletlerdäki dogan-garyndaşlaryna ýa-da tanyş-bilişlerine ugradyp bilýärdi. “Täze talap 1-nji ýanwardan başlap güýje girdi we adamlar bu barada “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasyna ýa-da onuň düzümindäki EMS tizleşdirilen halkara poçta ulgamynyň edarasyna baranda bilip galýarlar.

Raýatlar indi ýurduň daşyna bir kitap ugratjak hem bolsa, ony Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynda ýörite barlagdan geçirmeli” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly habarçy 22-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurduň döwlet kitaphanasynda daşary döwletlere ugradyljak kitaplaryň Türkmenistanyň milli baýlygyna degişlimi ýa-da degişli däldigi anyklanýar. Şondan soňra kitaby ýurduň daşyna ugradyp boljakdygy barada ýörite güwä haty berilýär. “Bu barlag ortaça üç gün dowam edýär. Öň 2-3 sagatda ugradyp bolýan kitaplar üçin indi dört-bäş güne çenli kitaphana bilen “Türkmenpoçtanyň” arasynda ýol sökmeli bolýar” diýip, habarçy aýtdy. Şeýle-de, ol ugradylýan kitaplaryň Türkmenistanyň taryhy ýa-da edebi mirasy bilen hiç hili arabaglanyşygy bolmasa-da, mysal üçin, mundan 40-50 ýyl ozal öňki sowet ýurtlarynda çap edilen eserler üçin hem ýörite güwänama almalydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň milli medeni baýlygy baradaky düzgünler Türkmenistanyň Medeniýet hakyndaky kanunynda kesgitlenilýär.Bu kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda, beýlekiler bilen bir hatarda gadymy (seýrek) golýazmalar, awtograflar, taryhy resminamalar, hatlaryň we kitaplaryň ýygyndylary, çap önümleri we olaryň kolleksiýalary - Türkmenistanyň milli medeni baýlygyna degişli bolan medeni gymmatlyklaryň sanawyna degişlidir.

Belläp geçsek, daşary ýurtlara kitap ugratjak raýatlardan edilýän täze talap barada paýtagtyň poçta edaralarynda hiç hili bildiriş asylmandyr. Şeýle-de, bu barada ne “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň resmi websaýtynda, ne-de onuň EMS tizleşdirilen halkara poçta bölüminde maglumat berilýär.

Soňky aýlarda Türkmenistanda poçta ugratmalaryna girizilen bu täze talapdan başga-da, poçta hyzmatlarynyň bahasy hem yzygiderli gymmatlady.Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurduň daşyna dörtden köp kitap ugratjak raýatlardan güwänama üçin alynýan tölegleriň bahasy iki esseden hem köp gymmatladylyp, 20 manatdan 52 manada ýokarlandyryldy.

Oktýabr aýynda Türkmenistanda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady. Şonda EMS (Express Mail Service) tizleşdirilen halkara poçta ugratmalarynyň 1 kilograma çenli nyrhy 111 manatdan 164 manada ýokarlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenpoçtanyň” tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady
Türkmenistanyň poçtasy Orsýete posylka ibermegini wagtlaýy togtatdy
Türkmenistanyň bergisi sebäpli Orsýet onuň EMS poçtasyny kabul etmegini togtatdy
Türkmenistanyň poçtasy bergi sebäpli Orsýete gyssag posylkalary ibermegi togtatdy
Eýranda ýer titreme bolup geçdi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar