Türkmenistanyň poçtasy bergi sebäpli Orsýete gyssag posylkalary ibermegi togtatdy

27-nji martdan başlap Aşgabatdaky poçta bölümlerinde Orsýete gyssagly iberilýän zatlary (posyklalary) kabul etmegi wagtlaýyn bes etdiler diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.

“Türkmenpoçtanyň” baş edarasynda bu maglumaty tassyk etdiler. Poçtanyň işgäri azyndan bir aý wagtyň dowamynda olar RF-ä iberilmeli posylkalary kabul edip bilmezler.

“Poçta Rossii” edarasynyň maglumatyna görä, Türkmenistandan diňe ekspress-poçta hyzmatlaryny amala aşyrýan EMS poçtasynyň kabul edilmegi togtadyldy, muňa türkmen tarapynyň bergisi sebäp boldy.

“Poçta Rossii” bu meseläni kadalaşdyrmak boýunça ençeme synanyşyk edenden soň, türkmen tarapynyň EMS kooperatiwiniň çägindäki operatorara hasaplaşyklaryndaky begisi sebäpli, Türkmenistandan iberilýän EMS ekspress-ugratmalaryň kabul edilmegi togtadyldy. Ekspress-ugratmalaryň kabul edilişi bergi üzlüşenden soň dikeldiler” diýip, guranyň jogabynda aýdylýar.

Poçta Rossii” edarasynyň metbugat gullugynyň wekili Ýekaterina Krudowanyň sözlerine görä, beýleki poçta hyzmatlary, şol sanda kiçi bukjalary, hatlary we otkrytkalary ugratmak Bütindünýä poçta bileleşiginiň çäginde adaty ýagdaýda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň poçta bölümlerinde Orsýete iberilýän posylkalaryň kabul edilmezliginiň sebäbi müşderilere düşündirilmeýär, käbir halatlara bolsa, yzyna gaýtarylan posylkalaryň poçta hyzmatlary üçin tölenen tölegler hem yzyna berilmeýär. Radio Orsýete iberen posylkasy yzyna gaýtarylan, emma poçta hyzmatlary üçin tölän 800 manady yzyna berilmedik aýal hakynda habar berýär.

Soňky birnäçe ýylda, gymmat bolmagyna garamazdan, Türkmenistandan Orsýete gidýän adamlar, şeýle usulda goşlaryny ugratmak üçin, poçta hyzmatlaryndan ýygjam peýdalanýarlar. Şeýle-de adamlar student çagalaryna zat iberýärler.Häzir agramy 20 kilogram polan posylkany ugratmak üçin 800 manat möçberinde pul tölemeli.

Belleýäris. Türkmenistanyň metbugaty milli poçtanyň öz ilata hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini giňeldýändigini habar berýär.,

Mysal üçin, martyň ortasynda berlen habara görä, elektron pul geçirmek we demirýol biletlerini satyn almak mümkinçiligini berýän ulgam döredildi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenpoçtanyň” tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady
Türkmenistanda daşary ýurtlara kitap ugratjak raýatlardan ýörite güwänama talap edilýär
Türkmenistanyň poçtasy Orsýete posylka ibermegini wagtlaýy togtatdy
Türkmenistanyň bergisi sebäpli Orsýet onuň EMS poçtasyny kabul etmegini togtatdy
Eýranda ýer titreme bolup geçdi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar