Daşoguz welaýatynda her etraba Western Unionyň bir filialy berkidildi

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermegine görä, her bir etraba Daşoguz welaýatynda ýerleşýän we Western Unionyň pul geçirmek hyzmatlaryny hödürlýän bank filiallarynyň biri berkidildi. Çaklanylmagyna görä, täze düzgün işleriň düzgünleşmegine we nobatlaryň azalmagyna kömet etmeli.

Gurbansoltan eje etrabynyň (ozalky Ýylanly) ýaşaýjylaryna indi “Senagat” banky, Akdepe (ozalky Lenin) we Boldumsaz (ozalky Kalinin) etraplarynyň ýaşýajylaryna “Senagat” bankynyň filialy (Garagum bankynyň ozalky binasynda ýerleşýär), S.Nyýazow etrabynyň (ozalky Daşhowz) ýaşaýjylaryna “Türkmenbaşy” banky, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylaryna Türkmne-türk banky hyzmat edýär.

Welaýatyň ýaşaýjylary häzirlikçe oňyn özgerişlik görmediler, tersine, TH bilen gürleşen adamlaryň gürrüň bermeklerine görä, täze girizilen düzgünler has kän bulaşyklyk döretdi. Filiallar bir-biri bilen ylalaşmazdan işleýär, mysal üçin, “Senagat” banky $150 (döwlet kursunda 525 manat) geçirmek üçin iki aýda bir žeton berýär, “Türkmenbaşy” bankynda bolsa aýda $100 geçirip bolýan žeton paýlaýarlar.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary örän nägile bolýarlar. Olaryň sözlerine görä, beýleki regionlarda, paýtagtda adamlara çagalaryna aýda $300 geçirmäge rugsat edilýär.

Alyp-satarlardan goşmaça žeton almak hem mümkin, emma onuň bahasy 1000 manada çenli baryp ýetip bilýär.

Belleýäris, pul geçirmek mümkinçiligi diňe çagalary daşary ýurtda okaýan ene-atalara berilýär. Munuň üçin garyndaşlygy tassyklaýan dokumentleri we çaganyň ÝOJ-yň okuwçysydyny görkezýän güwänamalary getirmegi talap edýärler.

Ýene degişli makalalar

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
SIZE MÄLIMMI?!
Russiýa Açyk Asmanlar Ylalaşygyndan Çekilýär
Belawia Aşgabada uçuşlaryň çäklendirmesini ýene uzaltdy
Bilim bermegiň döwrebap usullary
"Ýeralaş" kinožurnalyny döreden Boris Graçewskiý koronawirusdan ýogaldy