DÇ-2022: Ýaponiýa Kosta-Rikadan ýeňildi

DÇ-2022: Ýaponiýa Kosta-Rikadan ýeňildi

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynda Kosta-Rika Ýaponiýany ýeňlişe sezewar etdi. 1:0 hasabynda tamamlanan duşuşykdaky ýeke-täk gol 81-nji minutda Keýşer Fulleriň adyna ýazyldy. Goldan soň, ýaponlar has-da hüjüme bat berdiler, emma şu gün olara Keýlor Nawasyň derwezesine top salmak başartmady.

Şeýlelikde, bu oýundan soňra E toparçasynda çykyş edýän Ýaponiýanyň, Kosta-Rikanyň we Ispaniýanyň hasabynda 3 utukdan bar. Germaniýa bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi. Toparçada ikinji tapgyryň ikinji gapma-garşylygy bolan Ispaniýa — Germaniýa oýny şu gün 23:45-de başlanar.

Üçünji tapgyrda Ýaponiýa Ispaniýa bilen, Kosta-Rika bolsa Germaniýa bilen oýnar. Duşuşyklaryň ikisi hem 1-nji dekabrda şol bir wagtda geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär
Dünýäniň iň garry iti ýogaldy
Parlament saýlawlary geçiriler
“Kia” Gazagystanda awtomobil önümçiligini ýola goýar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy