Demirgazyk Koreýanyň lideri goşuna harby türgenleşikleri güýçlendirmek barada tabşyryk berdi

Demirgazyk Koreýanyň lideri goşuna harby türgenleşikleri güýçlendirmek barada tabşyryk berdi

Demirgazyk koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Günorta Koreýa we ABŞ tarapyndan Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa howplaryna garşy eýmendirmesini güýçlendirmek maksady bilen geçirilýän, "Erkinlik galkany" atly türgenleşiginiň başlamagyndan 2 gün soň, harby bazalaryň birine baryp gördi.

Kim Çen Yn saparynda tälim desgalaryny we harby birikmeleriň türgenleşiklerine gözegçilik etmek bilen birlikde, goşuna "aşa güýje" eýe bolan duşmanlary we "urşy tutaşdyrmak synanyşyklary bilen bagly başlangyçlaryny" gözegçilik astyna almak üçin, söweş ukyplaryny gowulandyrmak üçin türgenleşikleri köpeltmek boýunça görkezme berdi.

Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky bilelikdäki türgenleşigi ýazgaran Kim Çen Yn, bu ýurtlaryň “agyr jogap berjekdigi" barada duýduryş berdi.

Günorta Koreýa bilen ABŞ "umumy goranyş ýagdaýyny güýçlendirmek" maksady bilen 4-nji martda "Erkinlik galkany" atly bilelikdäki harby türgenleşige başladylar.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi
Putine Kime ulag sowgat berdi
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
“Putin Demirgazyk Koreýanyň Dostu”
Kim Günorta Koreýany "esasy duşman" diýip yglan etdi