Putine Kime ulag sowgat berdi

Putine Kime ulag sowgat berdi

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar agentligine esaslanyp berilen habara görä Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yna aralaryndaky aýratyn dostlugyň alamaty hökmünde şahsy taýdan ulanmagy üçin rus önümi bolan ulag sowgat berdi.

Modeli aýan edilmedik ulag, Kim Çen Ynyň gyz jigisi Kim Ýo Çžon bilen Zähmetkeşler partiýasynyň merkezi komitetiniň sekretary Pak Žon Çon tarapyndan gowşurylyp alyndy.

Kim Ýo Çžon bu sowgadyň iki ýurduň liderleriniň arasyndaky ýörite gatnaşyklaryň nyşanasydygyny aýtdy we Putine doganynyň minnetdarlygyny bildirdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Russiýa geçen ýylyň sentýabr aýynda guran saparynda, Putiniň şahsy Aurus Senat limuzin ulagyna münüpdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň şol sapardan soň has hem ösendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
Gaz söwdasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň "özeni" hökmünde. Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleri näme barada gürleşdiler?
2023-nji ýylyň sport kalendary
Türkmen howa ýollary ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlarynyň petek satuwyny ýola goýdy, Russiýa Türkmenistana 3600 sany Täze ýyl arçasyny iberdi, Aşgabat Alyýewiň we Ärdoganyň saparlaryna taýýarlanýar
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda