Deonteý Uaýlder Taýson Fýuriden iki nokaut alandan soň birinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Deonteý Uaýlder Taýson Fýuriden iki nokaut alandan soň birinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Amerikaly boksçy Deonteý Uaýlder Nýu-Ýorkda geçen tutluşygyň birinji raundynda finlýandiýaly pälwan Robert Heleniusy nokauta gidirdi. Başa-baş göreş üç minutdan hem az dowam etdi.

Uaýlder üçin bu göreş britaniýaly türgen Taýson Fýuriden iki gezek ýeňlenden soňky birinji göreş boldy.Ol ilki 2020-nji ýylyň fewralynda aşa agyr agramda Taýsondan WBC-niň titulyny nokaut bilen utdurdy, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa başa-baş göreş-rewanşda ondan tehniki nokaut bilen ýeňildi.

Göreşden soň amerikaly türgen: "Deonteý Uaýlder gaýdyp geldi" diýdi. 36 ýaşly Uaýlder ringde 43 gezek ýeňdi (42 nokaut bilen), iki gezek ýeňildi we bir göreşi deňme-deň tamamlady (2018-nji ýylda Fýuri bilen).

Amerikaly türgen öň 40 ýaşyna çenli çykyşyny dowam etmekçidigini mälim edipdi.Karýerasynda 31 gezek ýeňiş gazanan (20-si nokaut bilen), 34 ýaşly Helenius dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri söweşmek barada ylalaşdylar
Ýykylan göreşden doýmaz
Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi