Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar

/* custom css */ .td_uid_19_60b96f4bd7423_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f4bd7423_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Beýik Britaniýanyň maliýe ministri Rişi Sunak G7 toparyna girýän döwletleri global ykdysadyýeti durnukly dikeltmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy. Şeýle-de G7 ýurtlarynyň söwda ministrleri bilelikdäki beýanaty ýaýradyp, global söwdada epidemiýadan soňky dikeldişe goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Beýik Britaniýa şu ýyl G7 toparyna başlyklyk edýär. Ýurduň Maliýe ministrliginiň web sahypasynyň beýanatyna görä, Rişi Sunak maliýe ministrleriniň we Uly ýediligiň merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň wideomaslahatynda toparyň howanyň üýtgemegine garşy göreşiň ykdysady we maliýe syýasatynda ileri tutulýan ugurlary üpjün etmelidigini we global maliýe bazarlarynyň zyňyndylaryň nol derejesine ýetmegine kömek etmelidigini mälim etdi.

Duşuşykdan soň bilelikdäki beýanatda taraplar dünýä söwdasynyň ösüşine goldaw bermek we epidemiýadan soňky global dikelişi goldamak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.Ministrler söwda, daşky gurşaw, saglygy goraýyş we sanly söwda ýaly möhüm meseleleriň çözülmegini ýola goýmak barada ylalaşdylar.

Taraplar global söwdany ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde öňe ilerletmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.Beýanatda G7 toparynyň dünýäde mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde howpsuz we täsirli koronawirus sanjymlarynyň berilmegine garaşylýandygyny, toparyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň global sanjym önümçiligini we paýlanyşyny giňeltmek meýilnamasyny işläp düzmek işine goldaw berjekdigi we waksina önümçiliginiň bazalaryny diwersifikasiýa etmek üçin strategik maýa goýumlaryny goldajakdygy bellenilýär.

G7 toparyna Beýik Britaniýa, ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada we Ýaponiýa girýär.Uly ýediligiň Liderleriniň sammiti 11-13-nji iýunda Britaniýanyň Kornuoll şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi
Baýden Bilen Jonson Kornuolda Duşuşdy
Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler
Uly ýedilik mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar
G7 sammiti tamamlandy: esasy mesele daşky gurşawy goramak