Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi

Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi.

Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda Dizaýn — 2022 forumy geçirildi.Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.Duşuşyga daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Türkiýeden, ABŞ-dan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan wekiller bar. Şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işinde hem-de olaryň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda binagärligi we dizaýny netijeli ulanmak üçin şertleri döretmek şu forumyň esasy meseleleriniň biridir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy
Aşgabat gözelligiň mekany
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Erikgalaly we türkmenabatly hünärmenler Aşgabatdaky kiçi ýarmarkada öz işlerini görkezerler
Alpha Home taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär