Döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlar sylaglanyldy

Döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlar sylaglanyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, halypa ýazyjy-şahyrlardan, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan ybarat topar Balkan welaýatyna döredijilik saparyny amala aşyrýar.

Şu gün — saparyň ikinji gününde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Nesil gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, olaryň ýeňijilerine sylaglaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Döredijilik saparyna gatnaşýan myhmanlar ir säher bilen Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.

Muzeýiň mejlisler zalynda döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlara sylaglar gowşuryldy.

Ýaşlaryň arasynda makala, oçerk we beýleki publisistik eserleri ýazmak boýunça geçirilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz atly bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Gülälek Tangiýewa mynasyp boldy.

Her ýyl döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda hekaýa, goşgy ýazmak boýunça geçirilmegi däbe öwrülen Berkarar döwletiň ylham joşguny atly bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakowa baş baýragy eýeledi.

Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň barşynda çykyş edenler ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze ösüşli menzilleri arzuw etdiler.

Bu ýerde balkanly sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşan ýaşlar soňra Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda balkanly senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.

Belläp geçsek, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, Turkmenportal web saýtynyň hem döredijilik topary Balkan welaýatyna amala aşyrylýan döredijilik saparyna gatnaşýar. Ýakyn günlerde web saýtyň media bölümi arkaly, bu ýerde geçirilen dabaralardan taýýarlanan täsirli wideoşekillere hem tomaşa edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gülälek Kakamyradowa bürünç medal gazandy
Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşýän Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy.
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar
Ýetginjek taýboksçylar Türkmenistanyň kubogy ugrunda göreşdiler
“Samsung” ilkinji 5K monitoryny tanyşdyrdy