Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi

“Space X” kompaniýasy NASA bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dört astronawty Halkara kosmos bekedine uçurdy. “Falcon 9” atly raketa bilen uçurylan “Crew Dragon-7” kosmos gämisinde Jasmin Mogbeli (serkerde), Ýewropa Kosmos agentliginden (ESA), daniýaly Andreas Mogensen, Ýaponiýa Awiasiýa we kosmos gözleg agentliginden (JAXA) Satoşi Furukawa we Russiýanyň Federal kosmos agentliginden (“Roskosmos”) Konstantin Borisow bar.

Kosmos gämisiniň 24 sagatdan gowrak uçup, kosmos gämisine baryp býetmegine garaşylýar. Astronawtlar Halkara kosmos bekedinde 190 gün bolarlar. Olar bäş günüň dowamynda mart aýyndan bäri kosmos bekedinde iş alyp barýan “Crew-6” kosmos gämisiniň ekipažyndan nobaty kabul edip alarlar.

Ýene degişli makalalar

“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O. KONONENKONY DOGLAN GÜNI BILEN GUTLADY