Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi

“Space X” kompaniýasy NASA bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dört astronawty Halkara kosmos bekedine uçurdy. “Falcon 9” atly raketa bilen uçurylan “Crew Dragon-7” kosmos gämisinde Jasmin Mogbeli (serkerde), Ýewropa Kosmos agentliginden (ESA), daniýaly Andreas Mogensen, Ýaponiýa Awiasiýa we kosmos gözleg agentliginden (JAXA) Satoşi Furukawa we Russiýanyň Federal kosmos agentliginden (“Roskosmos”) Konstantin Borisow bar.

Kosmos gämisiniň 24 sagatdan gowrak uçup, kosmos gämisine baryp ýetmegine garaşylýar. Astronawtlar Halkara kosmos bekedinde 190 gün bolarlar. Olar bäş günüň dowamynda mart aýyndan bäri kosmos bekedinde iş alyp barýan “Crew-6” kosmos gämisiniň ekipažyndan nobaty kabul edip alarlar.

Ýene degişli makalalar

Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar
“SpaceX” kapsulasy HKS-a birikdirildi
“SpaceX” operasiýa maksatly ilkinji astronawtlaryny uçurdy
Kosmosda Gün paneli gurlar
Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden köp bolar