“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar

26-njy awgustda bortunda dört astronawt bolan “Crew-7” kosmos gämisiniň Halkara kosmos bekedine birigendigi mälim edildi. Dürli ýurtlardan bolan dört astronawt kosmos bekedine barmak üçin bir gije-gündiz ýol geçdiler.

“Space X” kompaniýasy bilen NASA-nyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde “Falcon 9” atly raketa Halkara kosmos bekedine NASA-dan Jasmin Mogbeli (serkerde), Ýewropa Kosmos agentliginden (ESA), daniýaly Andreas Mogensen, Ýaponiýa Awiasiýa we kosmos gözleg agentliginden (JAXA) Satoşi Furukawa we Russiýanyň Federal kosmos agentliginden (“Roskosmos”) Konstantin Borisow iberilipdi.

Astronawtlar Halkara kosmos bekedinde 190 gün bolarlar. Olar bäş günüň dowamynda mart aýyndan bäri kosmos bekedinde iş alyp barýan “Crew-6” kosmos gämisiniň ekipažyndan nobaty kabul edip alarlar.

Ýene degişli makalalar

Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
“SpaceX” operasiýa maksatly ilkinji astronawtlaryny uçurdy
“SpaceX” kapsulasy HKS-a birikdirildi
Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar