Döwlet telewideniýesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýanlary görkezdi

Döwlet telewideniýesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýanlary görkezdi

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýan we öz etmişlerini boýun alyp, öz-özlerini ýazgarýan elleri gandally adamlary görkezdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň baş prokurory Serdar Mälikgulyýew ýurduň käbir galla kärhanalarynda we “Türkmenhowaýollary” agentliginde korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüniň açylandygyny hasabat berdi.

Döwlet mediasyna görä, Balkanabat galla kärhanasynyň direktory Jumamämmet Hojaýew kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň başlygy Ezbergylyç Baýjanow bilen öz jogapkärçiligindäki galla önümlerinden bikanun un we kepek öndürip, olary bikanun satmakda aýyplanýarlar.

Şeýle-de, Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri, şol bir wagtda, kärhananynyň wagtlaýyn ýerine ýetiriji direktory Guwanç Sähedow “bugdaýy bikanun satmakda we döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmekde” aýyplanýar.

Döwlet metbugaty galla kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň “wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna peýdalanandyklaryny” aýdýar.

Şeýle-de, resmi media jenaýat jogapkärçiligine çekilen resmileriň kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy ýylyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň ýeňillikli un paýlaryny almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçlyyklary, galyberse-de, ýurduň käbir künjeklerinde ýerleşýän galla kärhanalarynda girişilen derňewler barada habar berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş prokuror “Türkmenhowaýollary” agentliginde üsti açylan korrupsiýa jenaýatlary barada hem hasabat berdi.

Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kerim Kerimow daşarky howa gatnawlarynyň uçar biletleri üçin dürli raýatlardan para almakda aýyplanýar. Onuň tanyşlary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Abdyresul Mommadow we Çary Meredow arada durup, uçar biletleri üçin para alyp bermekde aýyplanýar.

Şeýle-de, uçar biletleriniň satyjysy Jennet Goçgargulyýewa raýat Toýguly Artyknyýazow bilen dilleşip, uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne müşderilerden para almakda aýyplanýar.

Daşary ýurt howa gatnawlarynyň uçar biletleri bilen bagly korrupsiýada aýyplanýan adamlar sentýabr aýynyň dowamynda müşderilerden para alandyklaryny döwlet telewideniýesinde boýun aldylar.

Döwlet mediasyna görä, kazyýetiň hökümi bilen howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygy Kerimow 13 ýyl, bilet satyjysy Goçgargulyýewa 8 ýyl 3 aý, raýatlar Mommadow we Meredow 12 ýyl, Artyknyýazow 11 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Azatlyk Radiosy hususan-da Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly halkara hereket çäklendirmleriniň tapgyrlaýyn gowşadylyp başlanmagy bilen, uçar biletleriniň töweregindäki kynçylyklar, biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para bermäge mejbur bolýan ýolagçylar barada habar berdi.

Resmi media uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne müşderilerden para alan howa gatnawlarynyň başlygynyň hem-de birinji derejeli bilet satyjysynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalandygyny aýdýar.

Galyberse-de, döwlet telewideniýesi korrupsiýada aýyplanýan erkek raýatlary elleri gandally görkezdi. Kazyýet hökümi bilen azatlykdan mahrum edilen raýatlaryň ählisi döwlet telewideniýesinde öz etmişlerini boýun aldy we öz-özlerini ýazgardylar.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal jenaýatçylykda aýyplanyp, ele salnan resmileri toba edýän görnüşde efirde görkezýär.

Serdar Berdimuhamedowyň mart aýynda prezident wezipesini eýelemeginden bäri, korrupsiýa jenaýatlary bilen bagly tussag edilen resmiler ilkinji gezek döwlet telewideniýesinde görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary
“Sewilýa” 60, “Roma” 10 ýyldan soň
Futbolçylarymyzyň baýramçylyk sowgady
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi