Döwlet TW-si kalýanly suratlaryny sosial mediada paýlaşanlaryň tobaly’ çykyşlaryny görkezdi

Döwlet TW-si kalýanly suratlaryny sosial mediada paýlaşanlaryň tobaly’ çykyşlaryny görkezdi

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi sosial torlarda suw çilimli, ýagny kalýanly suratlaryny paýlaşan adamlaryň öz-özlerini ýazgarýan tobaly çykyşlaryny görkezdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde görkezilen onlarça adamyň arasynda 20 ýaşy ýaňy dolan ýigitler hem bar. Azatlyk geçen hepdeden bäri Aşgabatda sosial ulgamlarda, hususanda Instagramda kalýanly suratlary paýlaşylan ýaşlaryň polisiýa tarapyndan köpçülikleýin soraga çekilýändigini habar beripdi.

Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat etmegi söz berýän türkmen häkimiýetleri 7-nji iýundaky mejlisiň dowamynda, şol sanda kalýanlaryň we elektron çilimleriň ýurda bikanun getirilmegine, şeýle-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Maglumata görä, serhediň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijesi boýunça “bikanun ýollar bilen getirilen önümler” ele salnypdyr. Emma resmi media ele salyndy diýilýän önümleri we olaryň mukdaryny aýdyňlaşdyrmady. Bu barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinden goşmaça maglumat almak hem mümkin däl.

“Watan” habarlar gepleşiginiň 7-nji iýunda giçlik berlen reportažynda ýüzüni ýere sallap duran onlarça adam görkezildi. Munuň bilen bagly, takyklaşdyrylmazdan, “hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüljekdigi” mälim edildi.

Emma mundan soň öz-özüni ýazgaryp, tobaly çykyşlary görkezilen adamlaryň etmişleri ýurduň çägine temmäki önümlerini bikanun getirmek bilen bagly däl-de, eýse öz öýünde suw çilimini çekýän suratyny sosial ulgamlarda ýerleşdirmek bilen ilteşiklidigi belli bolýar.

Öz-özüne garşy görkezme berýän raýatlaryň sözünden çen tutulsa, olaryň üçüsi-de paýtagtyň ýaşaýjysy bolup, öz ýazgyda duran jaýynda suw çilimini çekýän suratlaryny sosial mediada paýlaşanlaryndan soň, polisiýa olary saklapdyr.

Bu aýdylanlar, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň şu hepdäniň başynda beren maglumatlaryny hem tassyklaýar.

Geçen hepdäniň ortasyndan bäri sosial torlarda kalýan bilen surata düşen raýatlary, hususanda ýaş oglandyr-gyzlary anyklamak we polisiýa bölümine soraga çagyrmak boýunça işler geçirildi.

Soragda bolanlaryň biriniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri olar bilen degişlilikde salykatly gürleşipdirler. Şol bir wagtda, olara temmäki önümlerini, şol sanda kalýany mundan beýläk ulanmajakdygy barada dilhaty ýazdyrylypdyr. Soňundan polisiýa işgäri ýene bir gezek ele düşseler’, onda garşysyna anyklaşdyrylmadyk jeza çäresiniň görüljekdigi bilen haýbat atypdyr.

Mundan başga-da, gürrüňi gidýän döwürde ýurduň söwda tekjelerinden birdenkä elektron çilimler hem ýitirim boldy. Bu ýagdaýlara ilkinji bolup ünsi çeken garaşsyz turkmen.news neşiri temmäki önümleriniň ornuny tutýan birgezeklik elektron çilimleriniň, köpsanly ulanyşa niýetlenen weýp abzallarynyň, onuň ätiýaçlyk şaýlarynyň, doldurmak üçin suwuklygynyň dagy söwdadan köpçülikleýin ýitendigini habar beripdi.

Garaşsyz neşir ýokarda agzalan serişdeleri Aşgabadyň käbir gijeki dükanlarynda heniz hem satyn alsa bolýandygyny belleýär. Bu kadadan çykmanyň mümkin sebäbi bolsa, gürüň gidýän söwda nokatlarynyň Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalaryna degişlidigi bilen düşündirilýär.

Çarşenbe güni geçirilen mejlisde Berdimuhamedow "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýen adaty umumy kesgitleme bilen, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe hem berk käýinç yglan etdi. Munuň ýurda temmäki önümleriniň bikanun getirilmegi bilen bagly bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Soňky bir ýyldan gowrak wagtyň içinde temmäki önümleriniň gümrük tölegleriniň möçberi iki gezek artdyryldy.

Çilimiň söwdasyna girizilen çäklendirmeler çilimini goýup bilmeýän adamlary has uly saglyk töwekgelligine, şol sanda dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär.

Türkmen häkimiýetleri birtaraplaýyn çäklendirmeleri girizmek bilen birlikde, çilim endigini goýup bilmeýänleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine çözgüt hödürlemeýär.

Galyberse-de, döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal jenaýatçylykda aýyplanyp, ele salnan şahslary toba edýän görnüşde efirde görkezýär. Hukuk toparlary Türkmenistanyň ozalky iki awtoritar prezidenti, şol sanda häzirki ýurtbaştutanynyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe hem giňden ulanylan bu tejribeleri adamyň mertebesini kemsitmek hökmünde tankytlaýarlar.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň kazyýet işinde özüni kanun esasynda gorap bilmeginiň kepillendirilýändigini, adamlaryň özüne we ýakynlaryna garşy beren görkezmeleriniň ýuridiki güýjüniň ýokdugyny aýdýar. Emma synçylar we garaşsyz neşirlere başdan geçirenlerini gürrüň beren ozalky bendiler ýurtda açylýan jenaýat işleriniň köplenç bikanun basyşlara, ol ýa-da beýleki görnüşdäki gynamalar esasynda alynýan görkezmelere esaslanýandygyny öňe sürýärler.

Sebitde ilatynyň jan başyna laýyklykda iň kän tussagly ýurt diýip bilinýän Türkmenistan bu aýdylýanlary umumylykda ret edýär.

Hukuk goraýjylar Türkmenistany kazyýetleriň garaşsyz däldiginde, metbugat we söz azatlygynyň gazaply çäklendirilmeginde tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň polisiýasy hususy dükanlarda reýd geçirýär. Nas atýan raýatlar soraga çekilýär
Aşgabatda okuwçy ýaşlaryň telefonlary barlanýar, 'ygtybarsyz hojalyklar' anyklanýar
Suw çilimini çeken adamlaryň 'tobasyndan' soň, häkimiýetler kalýan göreşini güýçlendirýär
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda