Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ornuny ýokarlandyrdy

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ornuny ýokarlandyrdy

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň ýarymagyr agram derejesindäki reýtinginde eýeleýän ornuny ýokarlandyrdy. Has takygy, ol ýedinji basgançakdan altynjy orna geçdi. Bu barada promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow 2023-nji ýylyň 10-njy martyndan 11-nji martyna geçilen gijede Bellator 292 söweş agşamynyň çäklerinde litwaly Julius Englikasy ýeňlişe sezewar etdi. Üç raunda niýetlenen şol tutluşyk doly dowam edip, eminleriň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiji diýlip ykrar edildi. Şol ýeňiş türkmen türgeni üçin Bellatordaky bassyr ikinji üstünlik boldy.

Onuň hasabynda umumylykda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Häzirki wagtda Bellatoryň ýarymagyr agram derejesindäki reýtinginde Wadim Nemkow (Russiýa) liderlik edýär. Reýtingiň ikinji basgançagynda Kori Anderson (ABŞ), üçünji ýerde bolsa Fil Dewis (ABŞ) orun alypdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
TÜRKMEN HALKYNYŇ DESSANÇYLYK DÄPLERI: TARYH, NAZARYÝET, TEJRIBE ATLY SEMINAR MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi
Döwletjan Ýagşymyradowyň ligasynyň satylmagy mümkin