Dominikan Respublikasynda sil apaty başdan geçirildi

Dominikan Respublikasynda sil apaty başdan geçirildi

Adatdan daşary ýagdaýlar operasiýa merkezinden berilen beýanatda, ýurtda 17-nji noýabrdan bäri täsirli bolan aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda 21 adamyň ýogalandygy, ýogalanlaryň 4-siniň ABŞ-nyň 2-siniň bolsa Gaýitiniň raýatlarydygy mälim edildi.

Ýurduň Döwlet baştutany Luis Abinader tebigy apatda ýogalan adamlar sebäpli ýurtda 3 günlük ýas yglan edendiklerini habar berdi.

Ýurduň 14 aýry welaýatynda gyzyl derejedäki duýduryş berilen bolsa, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Resmiler ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýärler.

Sil apaty 1583 öýe täsir ýetirdi, 7 müň 915 adam howpsuz ýerlere göçmäge mejbur galdy. Ýagyş sebäpli ýurduň ençeme sebitinde elektrik toklar kesildi.

Ýene degişli makalalar

Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Alymlar läheňleriň dilini öwrendiler
Hindistandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy