Dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

Dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, döwlet sylaglarynyň eýesi, dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Konsert-dialog atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda dürli çykyşlara orun berildi. Şeýle hem Berdiniýaz Rejepmedowyň Bahar geldi ülkämize kompozisiýasy ýerine ýetirildi. W.Muhadowyň eserleri, Meret Annamyradowyň Keremli söz, türkmen halk aýdymy Baga seýle ýaly eserler ýygnanlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşykda J.Werdiniň, Iogan Bramsyň, Winsenzo Di Çiaranyň, Aleksandr Warlamowyň, Feliks Mendelsonyň, Andreý Petrowyň, Luidji Densanyň, Eduardo di Kapuanyň, Teodoro Kottraunyň, K.Sen-Sansyň, Jorj Bizeniň, Iogan Ştrausyň eserleri ýaňlandy.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Kerem Abu Salim Gümrük Geçelgesi Açyldy
Türk Pälwanlary Bütindünýä Göreş Çempionadynda 11 Medal Aldy
Türkiýe Ugandada Ýetimler Öýüni Açdy
Disket we CD talap edilmez