Dota 2 boýunça milli ýaryş geçirildi

Dota 2 boýunça milli ýaryş geçirildi

Türkmenistanyň topary ýakynda kompýuter oýunlarynyň Dota 2 görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň sebitleýin saýlama tapgyryna gatnaşar. Öňde duran ýaryşa iň gowy türgenleri saýlap almak maksady bilen, ýakynda elektron oýunlaryň şu görnüşi boýunça milli ýaryş geçirildi. Ol VIO toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryşyň aýgytlaýjy bölegi BO5 görnüşinde geçirildi. Halkara derejesinde ykrar edilen bu görnüşli ýaryş ýokary netijesini hem berdi.

Milli ýaryşda ýeňijiden daşary hem Apex toparyna ýokary baha berildi. Toparyň agzalary aýgytlaýjy oýunda ýeňşi soňky pursatlarda elden gidirdiler.

Şu ýyl VIO toparynyň garaşylmadyk derejede kämil oýny orta goýandygyny aýtmak gerek. Olar ilkinji duşuşykda ýurdumyzyň çempiony Galkynyş Esports toparyny ýeňdiler. Soňky tapgyrda Desperse topary bilen duşuşan VIO bu gezek aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy we finala çykdy.

Berdimyrat Artykow milli ýaryşda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi. Bu ugurda ikinji orny Ýewgeniý Greçişkin eýeledi. Şeýle hem başga-da käbir oýunçylar dürli ugurlar boýunça ýekelikdäki baýraklara mynasyp boldy.

Şeýlelikde, ýeňiji topar sentýabr aýynda geçiriljek sebitleýin ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
IT-Zehin: sanly synag 2026 atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň Kubogy 2021: “Altyn Asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady
“Altyn asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi