Dragon Oil Türkmenistandaky taslamalara uly möçberde maýa goýmagy meýilleşdirýär

Dragon Oil Türkmenistandaky taslamalara uly möçberde maýa goýmagy meýilleşdirýär

Dragon Oil nebit-gaz kompaniýasy ýakyn 15 ýylda Türkmenistanyň çägindäki taslamalara, azyndan, 8 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Muny kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al Jarwan 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumda aýtdy diýip, Trend.az habar berýär.

Ali Raşid Al Jarwanyň bellemegine görä, bilelikde iş alnyp barlan 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda kompaniýa Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmek taslamalaryna 8 milliard dollardan gowrak maýa goýdy we ýakyn 15 ýylda hem, azyndan, şol möçberde maýa goýmaga taýýar.

Mundan başga-da, kompaniýanyň baş direktory Türkmenistanyň Hökümetiniň energetika pudagyny özgertmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek boýunça başlangyjyny goldamagy arap işewürliginiň has işjeňleşip biljek ugurlaryndan biri hasaplaýandygyny aýtdy.

Dragon Oil — nebit we gaz gözlemäge, özleşdirmäge hem-de çykarmaga ýöriteleşen, dolulygyna Dubaýyň hökümetine degişli bolan kompaniýa. Kompaniýanyň esasy önümçilik aktiwi Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Çeleken şertnamalaýyn meýdançasydyr.

Ýene degişli makalalar

Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy her gije-gündizde 300 000 barrele ýetiriler
Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär
“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Türkmen ýyldyzy kärhanasy TSSE-niň Sergi merkezinde guralýan sergide kabel-sim önümlerini hödürleýär