Dubaýda 2026-njy ýylda uçýan taksiler işläp başlar

Dubaýda 2026-njy ýylda uçýan taksiler işläp başlar

Dubaýda ýolagçylary 2026-njy ýylda diňe awtoulaglarda we jemgyýetçilik ulaglarynda däl-de, uçýan taksilerde hem gatnatmak meýilleşdirilýär. Ýolagçylar dört adamlyk çaklanja Joby uçarlarynda gatnadylar, olar tizligini sagatda 320 kilometre çenli artdyryp bilýär diýip, Ren.tv habar berýär.

Taksi-uçarlar elektrik togunda işlär, olara her gatnawyň öňüsyrasynda güýç bermek üçin on minut ýeterlik bolar.

Bu barada Khaleej Times neşiri bilen söhbetdeşlikde Joby Aviation kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jo Ben Bewirt gürrüň berdi.

Onuň firmasy eýýäm Dubaýyň Ýollar we ulag edarasy bilen 2026-njy ýylda uçýan taksileri ulanyşa goýbermek barada geleşige gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji aerotaksi menziliniň gurluşygyna başlandy
Baýramçylygyň öň ýany, içerki gatnawlara agram düşýär, sebitara hereket başagaýlyga sezewar bolýar
Mary: Taksiler öwrenişen duralgalaryndan çykarylyp, täze awtomenzile kowulýar
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň fonunda hüşgärligini artdyrdy
Balkanda taksi sürüjileriň arasynda işden çykýan köpeldi
Maryda taksä bolan talabyň azalmagy nyrhlaryň arzanlamagyna getirdi
Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň Altyn aýy hormat sylagyna mynasyp boldy