Maryda taksä bolan talabyň azalmagy nyrhlaryň arzanlamagyna getirdi

Maryda taksä bolan talabyň azalmagy nyrhlaryň arzanlamagyna getirdi

Mary şäheriniň köçelerinde şu günler taksi hyzmatyndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň ep-esli azalandygyny synlasa bolýar. Bu ýagdaý, döwlete degişli taksileriň ençeme sürüjisiniň awtoulaglaryny duralgalara tabşyrmagyna, hususy ulagynda kireý edýän raýatlaryň öz nyrhlaryny arzanlatmagyna getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Häzir köçelerde taksä garaşýan ýa-da münjek bolýan adamlaryň sany juda azaldy. Her köçede bir-iki müşderä duş gelýärsiň. Käbir köçelerde asla müşderi ýok” diýip, maryly taksi sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.

Taksi hyzmatlaryna bolan talabyň azalmagy, şu günler hem döwlete degişli taksi sürüjileriniň, hem-de hususy ulagynda kireý edýän raýatlaryň gazanjyna oňaýsyz täsir edýär.

Döwlete degişli taksileriň ençeme sürüjisi müşderiň azlygy zerarly gündelik plan borçnamany dolup bilmeýändiklerini, şol sebäpli awtoulaglaryny transport kärhanasynyň duralgasyna goýandyklaryny aýdýar.

“Şu günler ulaglaryny kärhananyň Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesindäki duralgasyna eltip tabşyrýanlaryň sany artýar. Sebäbi sürüjiler gündelik 172 manat bolan plan borçnamany dolup bilmeýärler. Käbirimiz ilki birnäçe gün karz alyp, plany kassalara tabşyrdyk. Indi başgadan karz almaga ýer galmansoň, 172 manady tölemejek bolup, ulaglarymyzy hatardan çykdy diýip, duralga tabşyrmaly bolduk” diýip, döwlet taksisiniň sürüjisi anonim şertde aýtdy.

Ol meseläniň munuň bilen çözülmeýändigini, kärhananyň başlygynyň özlerine awtoulagy başga birine işlemäge bermek bilen haýbat atýandygyny hem sözüne goşdy.

Hususy ulaglarynda kireý edýän sürüjiler bolsa, “krizis ýagdaýdan” nyrhlary arzanlatmak arkaly baş alyp çykmaga çalyşýarlar.

“Öňler bir adam üçin 2 manat kireý alýardyk.Täze ýylyň öň ýanynda, kireý nyrhlary 3 manada ýokarlandy.Biz hakykatdan hem gowy gazanç edipdik. 2 manat berjek diýen müşderini almazdyk.

Sebäbi taksä talap ýokarydy, ýollarda el galdyrýan adamlaryň sany köpdi.Indi 1 manat berjek diýseler hem alýarys.Sebäbi häzir köplenç boş aýlanýarys, ýakýan benzinimiziň puluny hem gazanyp bilmeýäris” diýip, hususy ulagynda kireý edýän maryly sürüji belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli transport resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi taksi hyzmatlaryndan peýdalanmagy bes etmeginiň sebäbini ykdysady kynçylyklar, işsizlik zerarly maddy mümkinçiliginiň ýokdugy bilen düşündirýär.

“Alýan aýlygymyz hojalygyň azygyna zordan ýetýär. Taksä berjek puluňa bir sany çörek düşýär. Şol sebäpli barjak ýerimiz uzak bolsa-da, irräk çykyp, pyýada ýöräp gidýäris” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Ýaşaýjylar ýurtda ýaýraýan dem alyş ýollarynyň ýokançlygynyň köp maşgalany surnukdyrýandygyny, olaryň keselçiligi bejermäge niýetlenen dermanlar üçin aşa köp maddy çykdajy etmeli bolýandygyny hem aýdýarlar.

“Bu keselçilik şu günler köp maşgalanyň býujetine barha köp agram salýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Geçen ýylyň güýzünden bäri Türkmenistanda ilatyň, hususan-da, çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýraýandygy barada Azatlyk yzygiderli maglumat berýär.

Geçen hepde Aşgabatdaky habarçylarymyz köp hojalygyň zerur dermanlary satyn almak üçin öý goşlaryny we awtoulaglaryny satmaga mejbur bolýandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, keselçilik we munuň ilata ýetirýän täsirleri, şeýle-de taksi sürüjileriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär
Iki sebitiň demirýol gatnawy 'ýatdy', taksi nyrhlary ýokarlanýar - çeşme
Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň Altyn aýy hormat sylagyna mynasyp boldy
Täjigistan 2023-nji ýylda bir müňden gowrak elektrik awtoulagyny satyn aldy
Eduar Montut: geljekde fransuz-türkmen sungat gatnaşyklarynyň miwelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi