Dünýä çempiony, italiýaly ýyldyz futbolçy aradan çykdy

Italiýaly dünýä belli futbolçy Paolo Rossi 64 ýaşynda aradan çykdy. 1956-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Italiýanyň Prato şäherinde dünýä inen Rossi 1973-nji ýylda “Ýuwentusda” professional futbola gadam basýar.

Ol soňlugy bilen “Komo” (karendesine 1975-76), “Lanerossi Wiçenza” (1976-1979), “Perujia” (1979-1980), “Ýuwentus (1981-1985), “Milan” (1985-1986) hem-de “Hellas Werona” (1986-1987) toparlarynyň köýnekçesini geýýär.

Oňa şöhrat getiren iň esasy ýaryş 1982 Dünýä Kubogy bolýar. Şonda ýurdunyň çempionlygyna uly goşant goşan Rossi çempionatda 6 gol geçirip, Dünýä Kubogynyň iň netijeli futbolçysy bolýar.Ol şol bir wagtyň özünde çempionatyň iň ökde oýunçysy hem saýlanýar.

Paolo Rossi futbolyň taryhynda Dünýä Kubogynyň 3 esasy baýragyny gazanan 3 futbolçynyň biridir.Ol braziliýaly Garrinçadan hem-de argentinaly Mario Kempeşden soň, Dünýä Kubogyny, şol sanda Dünýä Kubogynyň “Altyn butsy” hem-de Altyn top” baýraklaryny gazanýar.

Dünýä Kubogynda umumylykda 9 gol geçiren Rossi bu babatda ýurdunyň iň netijeli 3 futbolçysynyň biridir (Kristian Wieri, Roberto Bajjo). 1982-nji ýylda Ballon d’Or baýragyny-da gazanan Rossi 1980-nji ýyldaky Totonero galplygy wakasyndan soň, 3 ýyl futboldan çetleşdirilýär.

Ol jerimäniň çäginde 1 möwsüm meýdança çykmasyz edilýär.Klub karýerasynda 338 oýunda 134, milli toparda-da 48 oýunda 20 gol geçiren Rossi futboly taşlanyndan bäri Italiýanyň “Sky”, “Mediaset Premium” hem-de “Rai Sport” teleýaýlymlarynda futbol synçysy bolup işledi.

Ol “Serie A”-da 2, Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 1, UEFA Super Kubogynda 1, Ýewropanyň Kubokçylarynyň Kubogy ýaryşynda 1, Çempionlar ligasynda 1 hem-de “Serie B”-de 1 gezek çempionlyk gazandy.

The post Dünýä çempiony, italiýaly ýyldyz futbolçy aradan çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Messi 9-njy futbolçy
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Diňe 8 futbolça başartdy
Depeni gol bolan dünýä ýyldyzy aradan çykdy
Sportuň taryhynda şu gün 28-nji dekabr