Dünýä ilatynyň 7 milliarddan geçen güni

2011-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) Ýer ýüzüniň ilatynyň ýedi milliarda ýetendigini mälim etdi.Bu gün Ýedi Milliard gün diýlip atlandyryldy. Şol gün BMG-niň Baş-sekretary halkara guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda dünýä ilatynyň ýeten täze sepgidi barada aýdyp, 7 Milliard Hereket atly maksatnamany tanyşdyrdy.

Bu maksatnama dünýä ilatynyň köpelmegi bilen bagly ýüze çykýan meselerler hem-de mümkinçilikler barada habardarlygy ýokarlandyrmak hem-de adamlary we guramalary herekete geçirmäge ruhlandyrmak maksady bilen taýýarlanypdyr.Geçen ýylyň 15-nji noýabrynda bolsa, dünýä ilatynyň 8 milliard ýetendigi mälim edilipdi. Şu ýylyň aprelinde köp ýyldan bäri dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaý ikinji orna düşüp, Hindistan bu ugurda birinji orna çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy
Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Stambul Türkiyäniň iň köp ilatly şäheri