Dünýäde ilkinji SMS 121 müň dollara satyldy

Dünýäde ilkinji SMS 121 müň dollara satyldy

Dünýäde ilkinji SMS sişenbe güni Neýi-sýur-Sen (Parižiň etegi) auksionynda 121 müň dollara satyldy. Ol üýtgedip bolmaýan token (NFT) görnüşinde satyldy diýip, TASS Agence France-Presse (AFP) agentligine salgylanyp habar berdi.

Söwda öýüniň saýtynda berlen maglumata görä, Merry Christmas (Bagtly Täze ýyl) ýazgyly SMS habarnamasy 1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Vodafone britan aragatnaşyk operatorynyň ýolbaşçysy Riçard Jarwise iberilipdi.

Lot garyşyk stilde akrilden ýerine ýetirilen surat görnüşinde hödürlenildi. Suratda dünýäde ilkinji SMS ýazylan mobil telefony görkezilen. AFP-nyň maglumatlaryna görä, satuwdan alnan girdeji operator tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça agentligine geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Napoleonyň söweşleri barada kitap tapyldy
Russiýa 2021-nji ýylda türkmen gazynyň importyny iki esse artdyrandygyny aýdýar 
Şwesiýada adamyň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy
Dünýäde tas 3 mlrd adam internetden peýdalanyp görmedi
YHÖG dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň peselmegini çaklaýar