Napoleonyň söweşleri barada kitap tapyldy

Napoleonyň söweşleri barada kitap tapyldy

Duşenbe güni Gaagadaky Gollandiýanyň Parlamentiniň binasynda abatlaýyş işleri geçirilýärkä, Patyşa Wilgelm II heýkeliniň astyndan 99 ýyl ýaşy bolan wagt kapsulasy tapyldy diýip, AFP neşirine salgylanýan Report.az habar berdi.

Gabyň içinden gollandlaryň Napoleonyň goşunyna garşy söweşleri barada resminamalardyr kitaplar tapyldy, olaryň arasynda Waterloonyň eteginde 1815-nji ýylda bolan söweş barada fransuz dilinde ýazylan üç jiltlik kitap hem bar.

Kitabyň awtory ХХ asyryň başynda ýaşan meşhur golland generaly we harby taryhçysy Fransua de Bas bolup çykdy. Bu gymmatly maglumatlar barada taryhçylar öň bilmeýärdiler.

Şäheriň häkimi Ýan wan Zanen metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda wagt gabyny dabaraly açyp, onuň içindäki resminamalarydyr kitaplary, hatlary görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi
Hemmelere elýeterli ulag bolar
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy
Olimpiýa rekordy bilen başlap, Dünýä rekordy bilen tamamlady, 26 ýyllyk rekord täzelendi
74-nji Kann film festiwaly