Dünýäde iň köne kompýuter syçanjygy 178,9 müň dollara satyldy

Dünýäde iň köne kompýuter syçanjygy 178,9 müň dollara satyldy

ABŞ-da PRAuction söwda-satyg auksionynda Engelbart kysymly dünýäde ilkinji kompýuter syçanjyklarynyň we kodirlemek üçin enjamlaryň biri 178,9 müň dollara satyldy diýip, Hi-Tech Mail.ru neşiri habar berýär.

Syçanjyk şahsy kompýuterlere dakylýan häzirki zaman enjamlaryň iň irkileriniň biridir. Engelbart enjamlarynyň häzirki görnüşlerinden tapawudy, onda iki däl-de, üç düwmäniň bardygydyr, lazeriň ýerine bolsa, X we Y oklary boýunça orny üýtgetmäge mümkinçilik berýän iki sany disk ulanylýar.

Enjam mundan 50 ýyldan gowrak öň işlenip düzülipdir, ony taslamalaşdyrmagyň üstünde şahsy kompýuterler üçin ilkinji syçanjyklary oýlap tapan Duglas Engelbardyň özi işläpdir. Hi-Tech Mail.ru neşiri syçanjygyň täze hasaba alnan nyrhynyň ähli kompýuter syçanjyklarynyň taryhynda iň ýokarydygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Britan alymlary garrylyga garşy derman döretdiler
Kanadanyň Mediasy: “Trýuda Duşenbe Güni Wezipeden Çekilip Biler”
Sues kanaly 165 ýaşady
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy
Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy
Italiýadaky Alikudi adasynyň häkimi geçileri mugt paýlaýar