Dünýäde iň uly ülje ýetişdirildi

Dünýäde iň uly ülje ýetişdirildi

Italiýaly bagbanlar şu ýylky hasyl möwsüminde dünýädäki iň uly üljäni ýetişdirdiler. “Karmen” diýlip atlandyrylýan ýerli sortdan bolan ülje ýurduň Pýemonte şäheriniň ýaşaýjylary Alberto we Juzeppe Rosso tarapyndan ýetişdirildi.

Olaryň maşgalasy eýýäm bir asyrdan hem gowrak wagt bäri ülje bagbançylygy bilen meşgullanýar.

Alberto Rosso ýerli “la Repubblica” gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde: “Biziň karmen-ülje diýen ýerli görnüşimiziň dünýäde iň uly hasyl getirýändigi ykrar edilendir” diýip, buýsanç bilen belledi. Onuň ösdürip ýetişdiren ülje miweleriniň iň ulusy 33,05 grama deň bolup, öňki rekorddan ep-esli ýokarydyr. Öň agramy 26,45 grama deň bolan üljäni başga bir italýan daýhany Ferrare ösdürip ýetişdiripdir.

“2021-nji ýylda ülje hasylynyň bitginsiz bolandygyna garamazdan, Italiýa dünýäde ülje ýetişdirmek boýunça öňdeligi saklap gelýär” diýip, Italiýanyň fermerleriniň toparynyň ýyllyk hasabatynda nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Diplomatic World institutynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyna bardylar
Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler
Gabonyň wagtlaýyn hökümediniň Premýer ministri Sima boldy
Azerbaýjan Argentina nota berdi
Serdar Azmun Romadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi