Dünýäniň bar görki enedir ene

Dünýäniň bar görki enedir ene

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Dünýäniň bar görki enedir ene ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada, şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi
Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Tegelek stol söhbetdeşligi
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna anna agşamlary’ berilýär