El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi

El hünäri  nesillere milli terbiýe mekdebi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýip atlandyrylan ýylymyzda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi.Hünärmenlerimiz höwesjeň okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň Enä tagzym mukaddeslige tagzym, Arşyň nepisligi, Janly rowaýat atly kitaplarynda beýan edilýän zenan mertebesi, milli el hünärlerimiziň gadymylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler.

Türkmen milli el işleri esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi gaýtadan dikeldip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Milli mirasymyz buýsanjymyz
Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş gününiň dabaralaryna çagyrdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefonda söhbetdeş boldy
Türkmenistan Owganystanda ynsanperwerlik çäresini geçirdi
Daşoguzda we Lebapda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna anna agşamlary’ berilýär