Dünýäniň dört künjeginde Gurban baýramy bellenilip geçilýär

Dünýäniň dört künjeginde Gurban baýramy bellenilip geçilýär

Türkiýede hem raýatlar baýram namazyny okamak üçin metjitleri doldurdylar.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Gurban baýram namazyny Stambul şäherindäki Aýasofiýa metjidinde okady. Mustafa Şentop türk milletini we Yslam geografiýasyny Gurban baýramy bilen gutlady.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Gurban baýram namazyny Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyndaky Warkawik harby birikmesinde esgerler bilen bilelikde okady.

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde adamlar metjitleri dolduryp baýram namazyny okadylar.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çap eden gutlag ýüzlenmesinde azerbaýjanlylary Gurban baýramlary bilen gutlady.

Gyrgyzystanda müňlerçe adam Gurban baýram namazyny metjitlerde we uly şäherleriň esasy meýdançalarynda okadylar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde raýatlary baýramlary bilen gutlady.

Özbegistanda Gurban baýramy mynasybetli şu gün irden ýurdyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy.

Gazagystanda raýatlar Gurban baýramy mynasybetli metjitlerde namaz okadylar we spordyň milli görnüşleri boýunça çäre geçirýärler.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, Gurban baýramynyň jemgyýediň içindäki ruhy gymmatlyklaryň, sazlaşygyň we durnuklylygyň güýçlenmegindäki roluny belläp: "Bu mübärek günde eden ähli doga-dileglerimiz kabul bolsun" diýip belledi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Gurban baýram namazyny Girnedäki Nurettin Ersin Paşa metjidinde okan bolsa, Respublika mejlisiniň başlygy Zorlu Töre baýram namazyny Hala Soltan metjidinde okady.

Ýene degişli makalalar

Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi