Dünýäniň iň gowy obalary

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy 2022-nji ýylyň iň gowy obalarynyň sanawyny taýýarlady.Edara binasy Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýerleşýän bu gurama sanawy taýýarlanda, ykdysady, sosial, daşky gurşawyň durnuklylygy medeni we tebigy baýlyklara eýe bolmagy şeýle hem olaryň goralyp saklanyp, köpçülige tanyşdyrylmagy ýaly ölçegleri göz öňünde tutupdyr.

Sanawa 12 ýurtdan jemi 32 oba girizilipdir.Sanawyň 20 agzasy bolan garaşsyz maslahatçylar tarapyndan taýýarlanandygy we bu obalara geljek ýylyň 27-28-nji fewralynda Saud Arabystanynyň El-Ula şäherinde geçiriljek dabarada baýrak gowşuryljakdygy mälim edildi.

Sanawda Awstriýanyň Zellem Ze hem-de Wagraýn obalary, Çiliniň Pukeldon, Hytaýyň Dažaý we Sinsu, Kolumbiýanyň Koaçi, Ekwadoryň Aguariko we Angoçagua, Efiopiýada Çoka daglarynyň etegindäki Ekooba, Gruziýanyň Mestia we beýleki birnäçe oba bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň owadan obalary saýlandy
Ýene-de kofe barada…
Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
12 sagatda 566 million agaç ekildi
Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi