Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleri

Beýik Britaniýanyň “Quacquarelli Symonds” (QS) kompaniýasynyň mälim etmegine görä, Massaçusets tehnologik instituty dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynyň başyny çekýär. 15-nji sapar mälim edilýän QS-iň “World University Rankings” atly sanawa dünýäniň ýüzlerçe ýokary okuw mekdepleri girizildi. Şeýlelikde, Massaçusets tehnologik instituty ýedinji sapar dünýäniň iň gowy ýokary okuw jaýy diýlip yglan edildi.Ondan soňky 3 orny hem amerikan okuw mekdepleri eýeleýär.

Olar Stendford we Garward uniwersitetleri, şeýle hem Kaliforniýanyň tehnologik institutydyr.Onuň yz ýanyndan Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleri Oksford we Kembrij uniwersitetleri gelýär. Üstümizdäki ýylda olar reýtingde ýerlerini çalyşdylar. Ýedinji orny Şweýsariýanyň Sýurihdäki federal tehnologik instituty eýeleýär. Şeýle hem reýtingiň birinji onlugyna Londonyň Imperial kolleji (Beýik Britaniýa), Çikago uniwersiteti (ABŞ) we Londonyň Uniwersitet kolleji (Beýik Britaniýa) girýär.

Aziýanyň uniwersitetleriniň arasynda Singapuryň Milli uniwersiteti 11-nji orna mynasyp boldy.Hytaýyň Sinhua uniwersiteti 25-nji orundan 17-nji orna çykmagy başardy.QS dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini 2004-nji ýyldan bäri mälim edip gelýär.

Okuw mekdeplerine baha berlende olaryň bilim berlişindäki hiliniň birnäçe aýratynlyklary göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Koronowirusy 90 minutda anyklap bilýän örtük işlenip taýýarlanyldy
ABŞ-da adamyň koronawirus bilen keselländigini anyklaýan örtük oýlanyp tapyldy
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy