Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi

Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi

Iň köp alakaly şäherleriň bäşligine Ýewropanyň iki paýtagty, Amerikanyň iki we Hindistanyň bir şäheri girdi. Bu ugurdaky sanawy zoologlar düzdüler diýip, Daily Express britan gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Alakalaryň dünýä paýtagty ABŞ-nyň Çikago şäheridir. Şäher bu orny eýýäm ençeme ýyl bäri eýeläp gelýär, özem ol öz ornuny barha berkidýär diýlip, habarda bellenýär. Şäheriň köçelerinde näçe alakanyň ygyp ýörendigini hasaplamak kyn, emma olaryň indi her iki metrde bardygyny duýmak bolýar. Emma alakalaryň özlerine duşmak kyn, sebäbi olar oňat bukulmagy başarýarlar.

Los-Anjelesde welin, alakalar Çikagodakydan sähel az. Bu ýerde şäher häkimiýetleri zäherleýjileri ulanmagy gadagan etdiler. Galyberse-de, zibilhanalaryň köp bolmagy we ýyly howa alakalaryň çalt köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Sanawda üçünji orny London eýeledi, ol ýerde alakalar yzygiderli ýörişleri guraýarlar. Hünärmenler şäheriň her ýaşaýjysyna azyndan iki sany gemrijiniň düşýändigini hasapladylar.

Dördünji orunda Pariž durýar. Ýerli ýaşaýjylar alakalara şeýlebir öwrenişipdirler wekin, olara hatda ünsem berip durmaýarlar.

Sanawyň bäşinji ornunda Hindistanyň Deşnok şäheri ýerleşýär. Bu ýerde alakalara keramatly jandar hökmünde sežde edýärler.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Türkmenistan hytaýly lokomotiw öndüriji bilen rekord derejede şertnama baglaşdy, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek işleri boýunça potratçy kesgitlendi, Türkmenistanyň Merkezi banky 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň maglumatlary
Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)