Dünýäniň iň uly dinozawrynyň skeleti görkeziler

Londondaky Tebigat taryhy muzeýinde beýikligi 9 metre ýetýän dinozawr skeleti görkeziler.Günorta Amerikanyň Patagoniýa sebitinde ýaşap geçen “Patagotitan Mayorum” atly bu jandaryň agramy 57 tonna, uzynlygy 37 metr we beýikligi 5 metr bolandygy çaklanylýar.

Tebigat taryhy muzeýi Dippi lakamly ullakan “Diplodokus” dinozawrynyň skeleti bilen meşhurlyk gazanypdy.Muzeýiň dinozawr hünärmeni, professor Pol Barrett dinozawr barada: “Bu jandaryň ululygy adatdan daşary.Häzirki wagtda pil ýaly äpet haýwanlar bu dinozawryň gapdalynda mör-möjek ýalyjak bolup görünýär” – diýýär.

Dinozawryň galyndylary 2010-njy ýylda argentinaly bir daýhanyň mellek ýerinde ullakan but süňküne duşmagy bilen ýüze çykarylypdy.

Argentin hünärmenleri azyndan alty jandara degişli bolan 200-den gowrak skelet bölegini tapdylar. Bu süňkler Patagoniýanyň Trelew şäherindäki muzeýde birleşdirilipdir.

Çaklamalara görä, “Patagotitan Mayorum”, takmynan 101 million ýyl mundan ozal ýaşapdyr. Bu görnüş häzirki wagtda ylym dünýäsine mälim bolan iň uly titanozawr görnüşleriniň biridir.

Bu jandar uly oňurgaly, giň we uzyn boýunly we äpet bedeniniň deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýän uzyn guýrukly bolup, asma köprini ýada salýar.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
Muzeý milli mirasyň gorydyr
Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi