Dünýäniň innowasion ösüşli 10 ýurdy

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde 22-25-nji ýanwar aralygynda geçiriljek Bütindünýä ykdysady forumynyň esasy mowzugy dördünji senagat öwrülişigi döwründe globallaşmak we özara hyzmatdaşlygyň meseleleri bolar. Şu wakanyň öňüsyrasynda bu guramanyň bilermenleri ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygy boýunça reýtingiň çäklerinde olaryň “Biznes ösüşiniň dinamikasy” barada sanaw düzdüler.

Barlag geçirilen her bir ýurda 100-e çenli bal berildi.Biznesiň ösüşine birnäçe ölçegler boýunça, şol sanda, özüne düşýän gymmatyna, her bir ýurtda täze biznesi açmagyň tizligine, telekeçileriň töwekgelçilige bolan gatnaşygyna, şeýle hem, kompaniýalaryň öňdebaryjy ideýalary goldamaga taýýarlygyna görä, baha berildi.

Aşakda biznesi has depginli ösýän 10 ýurt baradaky maglumatlary size ýetirýäris.

Irlandiýa

Ballarynyň mukdary: 76,9. Irlandiýa Respublikasynyň ykdysadyýeti häzirki zaman talaplaryna laýyk gelip, söwda bilen berk baglanyşyklydyr. Senagat pudagy, häzirki wagtda oba hojalyk bilen ornuny çalşyp, ol milli girdejiniň 46%-ni düzýär, şeýle hem, bu pudak eksportuň 80%-ni we işçi güýjüniň 29%-ini emele getirýär. Eksport Irlandiýanyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendirijisi bolup durýar.

Norwegiýa

Ballarynyň mukdary: 77,0. Norwegiýa Demirgazyk Ýewropada iri nebit-gaz çykaryjy ýurtdur. Gidroenergiýasy ýurduň energiýa zerurlyklarynyň köp böleginiň üstüni ýetirip, nebitiň uly bölegini eksport etmäge mümkinçilik berýär. Nebitden gelýän girdeji ýurduň abadançylygyna gönükdirilýär. Ýurduň çäklerinde uly mineral gorlary, şeýle hem deňiz arkaly söwda edýän iri gämileri bar.

Finlýandiýa

Ballarynyň mukdary: 78,3. Finlýandiýa senagaty ösen ýurtlaryň hataryna girýär. Onuň dünýä önümçiligindäki paýy 0,4%-e, dünýä söwdasynda bolsa, 0,8%-e deňdir. Mundan başga-da, ýurtda bäsleşige ukyplylygy üpjün etmekde täze tehnologiýany ösleşdirmekdäki tizlik, şeýle hem, biznes we işewür gurşaw üçin zerur bolan ilatyň ýokary bilim derejesi ýaly ýagdaýlar aýratyn üns merkezinde durýar.

Beýik Britaniýa

Ballarynyň mukdary: 79,0. Britaniýanyň hyzmatlar ulgamy ýurduň esasy ykdysady pudagy bolup, içerki milli girdejiniň 75%-ni eýeleýär. London dünýäde iri maliýe merkezi hökmünde, Nýu-Ýork bilen deňdir we Ýewropada jemi içerki girdejisi ýokary bolan şäherdir. Edinburg hem Ýewropanyň iri maliýe merkezleriniň biridir. Ýurduň bank ulgamy has-da ösendir.

Daniýa

Ballarynyň mukdary 79,1. Bu ýurt ösüşiň ýokary derejesine eýe bolan senagat-agrar ýurtdur. Milli girdejide senagatyň paýy 40%-den gowrak. Ýurt adam başyna düşýän daşary söwda dolanyşygy boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Metal işläp çykarmak, maşyngurluşyk (esasan elektrotehnika, radioelektronika), azyk, himiýa, sellýuloza-kagyz senagaty we dokma öňdebaryjy pudaklar bolup durýar.

Ysraýyl

Ballarynyň mukdary: 79,6.Ysraýyl Günorta-Günbatar Aziýada ykdysady we senagat taýdan iň ösen ýurtlaryň biri hasaplanýar.Ysraýyl dünýäde ABŞ-dan soňra täze döredilýän kompaniýalarynyň sany boýunça ikinji ýerde bolup, Günorta Amerikanyň çäklerinden daşardaky NASDAQ kompaniýalarynyň sanawynda has köp wekilhanasy bar.

Hasabata laýyklykda, Ysraýyl NASDAQ-yň sanawynda galan ýeke-täk Ýakyn Gündogar ýurdudyr: Ýakyn Gündogaryň 98 kompaniýasynyň köpüsiniň Ysraýyldadygy ýatlanyp geçilýär.

Şwesiýa

Ballarynyň mukdary: 79,8. Şwesiýanyň jemi 50 sany dünýä belli kompaniýasy bolup, olaryň arasynda ABB, “Atlas Copco”, “Oriflame”, “Saab AB”, “Saab Automobile AB”, “Scania”, “Volvo”, “Volvo Trucks”, “Ericsson”, TELE2, “AB Electrolux”, “TetraPak”, “Alfa Laval”, SKF, H&M has öňe saýlanýar. Ýurtda ösen tehnologiýa erk edýän hünärmenler işleýär. Ýurduň içerki milli girdejisiniň 60 göterimden gowragy salgytlardan gelip, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynda aýratyn rol oýnaýar.

Niderlandlar

Ballarynyň mukdary: 80,3. Bu ýurt ykdysady taýdan has ösendir. Hyzmatlar içerki milli girdejiniň 73%-ini, senagat we oba hojalygy 24%-ini, oba hojalygy we balykçylyk 2,5%-ini eýeleýär. Möhüm pudaklaryň arasynda transport we aragatnaşyk, karz-maliýe ulgamy, ylmy-barlag we tejribe ähmiýetli işler, bilim, halkara syýahatçylyk we beýlekiler öňe saýlanýar.

Germaniýa

Ballarynyň mukdary: 81,6. Senagat we tehnologik ugurda dünýä lideri bolup, eksport we import boýunça dünýäde üçünji orny eýeleýär. Germaniýa durmuş derejesi ýokary, ösen ýurtlaryň biridir. Ol sosial üpjünçilik, saglygy goraýşyň köp ugurly ulgamy, daşky gurşawy goramak we tölegsiz ýokary bilim ýaly ugurlary öz içine alýar.

ABŞ

Ballarynyň mukdary: 86,5.Birleşen Ştatlar içerki milli girdejisi boýunça öňdeligi eýeleýär. Ýurduň ilaty diňe dünýäniň 4,3%-ini eýeleýän hem bolsa, amerikanlara dünýäniň jemi baýlygynyň 40%-i düşýär.

Birleşen Ştatlar sosial-ykdysady görkezijiler, ortaça aýlyk haky, adam başyna düşýän girdeji boýunça öňdeligi eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde ýurduň önümçilik pudagy özüniň ululygy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

TFÇ ― 2024: Arkadag topary Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistan — Täjigistan: esasy düzümler belli boldy