Dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdunyň döwlet Baştutany BRIKS-iň sammitine gatnaşýar

Dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdunyň döwlet Baştutany BRIKS-iň sammitine gatnaşýar

Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň döwlet Baştutanlary BRIKS guramasynyň şu gün Günorta Afrika Respublikasynda badalga alan sammitine gatnaşýar. Bu barada ýurduň DIM-niň resmi wekili Nelson Kgwete habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.

GAR-yň Prezidenti Siril Ramafosa 22-24-nji awgustda geçjek sammit bilen bagly halkyna ýüzlenmesinde Günorta Afrika Respublikasynyň bileleşigiň täze agza-ýurtlaryň hasabyna giňelmegini goldaýandygyny nygtady. Öň BRIKS-e goşulmak üçin 20-den gowrak ýurt ýüz tutupdy.

Prezident Siril Ramafosa köp ýurtlaryň gurama agza bolmak meýliniň olaryň halkara gatnaşyklaryň has adalatly, özara bähbitli we sazlaşykly ulgamyna gatnaşmak isleýändiklerini görkezýändigini nygtady. Ol guramanyň dünýä ykdysadyýetini we syýasatyny özgerdýändigini bellemek bilen, BRIKS-e agza bolmagyň öz ýurdunyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
GAR-da tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy