Dünýäniň syýahatçylyk künjekleri

Syýahatçylyk bilermenleri her ýylda dünýäniň iň gowy dynç alyş ýerleriniň sanawyny taýýarlaýarlar.Bu sanaw her syýahatçylyk möwsüminde täzelenip, dürli ugurlarda taýýarlanýar.Redaksiýasy Nýu-Ýorkda ýerleşýän Travel Leisure syýahatçylyk žurnaly Ýer ýüzünde görülmeli ýerleriň sanawyny mälim etdi.

Aýlyk žurnalyň 4,8 million töweregi okyjysy bolup, dünýädäki syýahatçylyk şäherleri, myhmanhanalar, howa menzilleri, uly gezelenç gämileri, syýahatçylyk ugurlary we adalar barada gyzykly maglumatlar berýär.Okyjylaryň ses bermegi bilen her ýyl olaryň sanawyny düzülýär.

Bu sanawa bolsa, ýurtlar, şäherler we sebitler girizilipdir.

Italiýa. Bu ýurt tomus paslynda medeni we gezelenç maksatly syýahatçylyk etmek isleýänler üçin maslahat berilýär. Ýurduň gadymy paýtagty Rimiň taryhy binalary, Wenesiýanyň sungata ýugrulan binagärligi we Milanyň döwrebaplygy syýahatçylary özüne bendi edýär.Çarlston.

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň iň köp ilatly bu şäherinde tomus pasly howa örän yssy bolýar.Ummanyň kenaryndaky bu şäherdäki ýanýodalar, deňizden öwüsýän mylaýym şemal we lezzetli aşhanasy syýahatçylarda uly täsir galdyrýar.Kartahena. Karib deňziniň kenaryndaky bu şäher Kolumbiýanyň medeni taýdan ösen port şäherleriniň biri hasaplanýar. Şäheriň golaýyndaky tropik tokaýlarda gezelenç etmek, taryhy köçelerde ýöremek adamlara alys ýurda barandygyny aňryýany bilen duýmaga ýardam edýär.Monako. Ortaýer deňziniň kenaryndaky şäher döwletinde fransuz medeniýeti agdyklyk edýär.

Bu şäher az wagtlyk syýahat üçin amatly ýerleriň biri hökmünde görkezilýär.Bu ýerdäki restoranlarda ýerli tagamlary dadyp bilersiňiz.Marrakeş. Marokkodaky dört sany taryhy paýtagtyň biri bolan şäherde birnäçe asyr öň gurlan köşkler, gala diwarlary, derwezeler we beýleki binalar saklanyp galypdyr. Şäher irki döwürlerden bäri dokmaçylygyň, külalçylygyň we zergärçiligiň ösen ýeri bolupdyr.

Tebigata baý şäheriň golaýyndaky Atlas daglarynyň üsti gyşyna buz we gar bilen örtülýär.Ýamaýka. Britan Arkalaşygyna degişli bolan ada döwleti Karib deňzindäki iň gowy syýahatçylyk duralgalarynyň biri hasaplanýar. Ýamaýka Karib adalaryna mahsus tebigaty görmek, deňizde we deňiz kenarynda gezelenç etmek isleýänler üçin iň gowy ýurtlaryň biri hasaplanýar.Maçu-Pikçu. Taryhy şäher galyndysy dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk nokatlarynyň biri hasaplanýar. 1911-nji ýylda Peruda deňiz derejesinden 2450 metr belentlikde ýüze çykarylan bu harabalyklar And daglarynyň eteklerindäki ösümlik we haýwanat dünýäsini görmek üçin hem mümkinçilik döredýär.Lima. Dürli tagamlaryň taýýarlanýan ýeri bolan Peruwyň paýtagty siziň üçin has köp görnüş hödürleýär.

Bu şäherde Mişlen ýyldyzyna mynasyp bolan onlarça restoran bar.Nikaragua. Merkezi Amerikadaky bu ýurt sörfing etmegi halaýanlar üçin maslahat berilýär. Ýuwaş ummany bilen Karib deňziniň arasyndaky ýurt tomus aýlarynda günüň batyşyna syn etmek üçin hem amatly ýerleriň biri hasaplanýar.Napa jülgesi.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky bu ýer üzümçiligiň ösen ýerleriniň biridir.Owadan tebigatly sebitiň aşhanasy hem baý.Iýul aýynda bolsa bu ýerde dürli festiwallar geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
ABŞ-da sowuk howa tolkuny dowam edýär
Tans sungatynyň milli nusgalary
Jonni Depp Karib deňziniň garakçylarynyň dowamynda surata düşer