Duşanbede söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär

Duşanbede söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 26 — 28-nji noýabr aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

27-nji noýabrda Duşanbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi taraplaryň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen badalga aldy. Bu barada НИАТ Hovar ýazýar. Täjik tarapyna ýurduň premýer-ministriniň orunbasary Süleýman Ziýozoda ýolbaçylyk etdi.

Duşuşygyň açylyşynda garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysadyýet, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadynyň döredilendigi, bu üstünlikleriň esasynda gatnaşyklaryň döwletleriň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bellenildi.

Toparyň işiniň dowamynda taraplar 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisiň kararlarynyň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, toparyň işiniň dowamynda taraplar ykdysady, söwda, tehniki, ylmy we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny we ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin ýol kartasyny durmuşa geçirmekdäki öňegidişlik ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem 2022-2023-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň arasyndaky energiýa we suw baýlyklary, şol sanda Türkmenistandan Täjigistan Respublikasyna nebit önümleriniň import edilmegi, Aral deňziniň basseýnindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulaşmagy, hyzmatdaşlyk, ulag, senagat, bilim, sport we ýaşlar, azyk howpsuzlygy ýaly meseleler boýunça pikir alşylar.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň özara daşary söwda dolanyşygynyň 52,9 million dollara barabar bolandygyny we 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30,7 million dollar ýa-da 2,4 esse artandygyny bellemelidiris.

Täjigistan Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistan bilen söwda dolanyşygynyň paýy 0,7 göterim bolup, Täjigistan Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygy boýunça 16-njy ýerde durýar.Bu döwürde Täjigistandan Türkmenistana haryt eksporty 0,8 million dollar, Türkmenistandan import 52,1 million dollar boldy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen özara daşary söwda dolanyşygynyň mukdary 36,9 million dollar boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi şu gün, 28-nji noýabrda dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Täjigistanyň wekiliýeti kabul edildi
Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary