Dýuna filmi dört Oskara dalaş edýär

Dýuna filmi dört Oskara dalaş edýär

Deni Wilnýowyň “Dýuna” (Dune) fantastik dramasy iň gowy grim we saça timar berme, iň gowy wizual effektler, iň gowy ses we iň gowy aýdym-saz kategoriýalarynda dört “Oskara” dalaş edýär. 10 kategoriýada baýraga dalaşgärleriň gysga sanawy Amerikan kinoakademiýasy tarapyndan yglan edildi diýip, TASS habar berýär.

Iň gowy daşary ýurt filmi, dokumental film, gysga metražly dokumental film, iň gowy aýdym, gysga metražly multiplikasion film, gysga metražly oýun filmi kategoriýalarynda hem dalaşgärleriň sanawy belli edildi.Her gysga sanawda 10-15 dalaşgär bar.

Jeýms Bond hakynda täze film “Ölmegiň wagty däl” (No Time to Die) grim we saça timar berme, iň gowy aýdym-saz, iň gowy aýdym we iň gowy ses kategoriýalarynda, “Itiň hökmürowany” (The Power of Dog) dramasy iň gowy ses we iň gowy aýdym-saz kategoriýalarynda gysga sanawlara girdi. “Kruella” (Cruella), “Guççi öýi” (House of Gucci), “Öz janyna kast edijileriň topary: Tutuşlygyna missiýa” (The Suicide Squad) grim we saça timar berme, “Iň soňky duel” (The Last Duel) iň gowy aýdym-saz, “Matrisa: Direliş” (The Matrix Resurrections), “Gara dul aýal” (Black Widow), “Möý adam: öýe ýol ýok” (Spider-Man: No Way Home) wizual effektler kategoriýasynda sanawa girdi.

Baýraga dalaşgärleriň doly sanawy 8-nji fewralda mälim ediler, ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji martda bolar.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Marvel täze filmlerini anons etdi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi