EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi

EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi

Ýewropanyň adam hukuklary boýunça komiteti 39-nji düzgüniniň kazyýet reglamenti boýunça Ahmet Jumadurdyýewi Türkmenistana deportasiýa etmegi ýatyrdy diýip ynsan hukuklary boýunça “Memorial” merkezi habar berýär.

26 ýaşly Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýewi şu ýylyň 26-njy iýulynda haçanda ol rus-eston serhedini Narwa derýasy arkaly bikanun ýüzüp geçip, Estoniýadan baş pena soramaga synanyşanda, Eston serhetçileri tutupdylar we Russiýa yzyna ýollapdylar.

22-nji sentiýabrda Leningrad welaýatynyň Kingisepskiy şäher kazyýetinde bu işe garalypdy. Derňewiň netijesinde 1-nji oktiýabrda Jumadurdyýewi Russiýadan deportasiýa edip, 2055-nji ýyla çenli ýurda girmek gadagan etmek kararyna gelindi.

Mundan başgada Ahmet 20 müň manat jerime tölemek hem borçly edildi.

Häzirki wagtda ol Leningrad welaýatynyň çet ýurtlylar üçin “Krasnyý sele” wagtlaýyn merkezinde saklanýar.

Ahmet Jumadurdyýewiň sözlerine görä, haçanda ony tutanlarynda we polisiýada sorag edenlerinde, onuň baş pena berilmegi barada haýyşlaryny hem Türkmenistandaky ýagdaýlar hakynda gürrüňlerini äsgermezçilik etdiler. Serhetçiler diňe onuň deportasiýa üçin Russiýany ýa-da Türkmenistany seçmegini teklip edipdirler.

“Memorialyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri režimi tankytlaýan daşary ýurtdaky Ahmet Jumadurdyýewiň mejbury deportasiýasy üçin elde baryny edipdirler.

“Golaýda prezident Berdimuhamedow DIM Raşid Meredowy bu meseläni çözmek üçin ýeterlik alada etmeýänlikde tankytlady.KHS-niň maglumatlaryna görä, oktiýabryň başlarynda Adalat ministr Begmyrat Muhamedow wezipesinden çetleşdirildi we DIM-ne geçirildi.

Aşgabatdaky çeşmeleriň tassyklamagyna görä, hut Muhamedow daşary ýurtlardaky dissidentleriň Türkmenistana deportasiýasyna synanyşyklar we migrantlaryň protest hereketleriniň işjeňligini peseltmek bilen bagly işleri utgaşdyrmak bilen meşgullanar” diýip ynsan hukuklaryny goraýjy Witaliý Ponomarýow hasaplaýar.The post EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Estoniýanyň serhetçileri rus-eston araçägindäki derýadan ýüzüp geçen Türkmenistanyň raýatyny tussag etdiler
Estoniýadan gaçybatalga sorajak bolan türkmeniň ykbaly Orsýetde çözülýär
Narwa derýasy arkaly ýüzüp Estoniýa girmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyna Rusýada sud başlady
Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy
Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy